Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi banklara umumy gözegçiligi girizýär


ÝB-niň Brýusseldäki sammiti, 19-njy oktýabr, 2012 ý.

ÝB-niň Brýusseldäki sammiti, 19-njy oktýabr, 2012 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Brýusseldäki sammitinde ýewrozonadaky ýurtlaryň banklaryna gözegçilik edýän organy döretmek barada karara geldiler. Bu kararyň geljek ýylda durmuşa geçirilip başlanjakdygy aýdylýar.

Ýewrozonanyň banklaryna gözegçilik edýän organy döretmek barada Ýewropa Bileleşiginiň bu karary Germaniýa bilen Fransiýa özara ylalaşyga gelenlerinden soň kabul edildi. Mundan ozal regionyň bank sistemasyna kömek bermek meselesinde bu iki ýurduň arasynda gapma-garşylyk döräpdi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel penşenbe güni Berlinde eden çykyşynda ÝB-niň komissiýasyna agza döwletleriň býujetlerini tassyklamaga ygtyýarlyk berilmeli diýdi.

Ýöne Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bilen penşenbe güni Brýusselde geçiren gepleşiklerinden soň, Angela Merkel bu meseläni sammitde sese goýmak barada teklip etmejekdigini aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (Ç) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland, Brýussel, 18-nji oktýabr 2012 ý.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (Ç) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland, Brýussel, 18-nji oktýabr 2012 ý.

Merkel: “Bu sammitde çözülmeli mesele däl. Biz bu mesele boýunça dekabrda karara geler ýaly häzir taýýarlyk görmeli. Ýöne biz meseläni dogry ugurda alyp barar ýaly bu ýerde maslahat etmeli”.

Şol bir wagtyň özünde Holland ÝB-ne girýän döwletleriň milli býujetlerini tassyklamak boýunça Ýewropa Bileleşigine ygtyýarlyk bermek teklibine garşy çykdy.

Şeýle hem Holland ýewrozonadaky krizisi çözmek baradaky ozal ylalaşylan usul boýunça Fransiýa we Germaniýa bilelikde hereket etmegini dowam etdirmeli diýdi.

Holland: “Ýewrozonany iki ýarym ýyl bäri dowam edip gelýän krizisden çykarmakda Fransiýanyň we Germaniýanyň umumy jogapkärçiligi bar. Has takygy, munuň iň gowy ýoly bilelikde kabul eden kararymyza hormat goýmakdyr”.

Ýewropa parlamentiniň prezidenti Martin Şulz penşenbe güni eden çykyşynda bergi krizisini çözmekde ÝB bitewüligini saklamaly diýdi.

Şulz: “Gynansak hem biz iki tizlikdäki Ýewropa däldiris, biz uzak möhlete gönükdirilen köp tizlikdäki Ýewropa. Meniň pikirimçe bu mesele problemanyň çözgüdi däl-de, onuň çeşmesidir. Bize hut Ýewropanyň has berk birligi gerek”.

ÝB-niň esasy maliýe merkezi hasaplanýan Britaniýa ýewrozona degişli bolmadyk beýleki dokuz ýurt bilen bir hatarda geljekdäki bank birliginde ses bermek hukugy barada alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG