Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Ýokary sud ozalky generallara garşy karar çykardy


Anna güni Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň aňtaw gulluklarynyň we prezident administrasiýasynyň saýlaw proseslerine goşulyşmaly däldikleri barada duýduryş berdi.

Ýokary suduň sudýasy Iftikhar Muhammad Çaudry 1990-njy ýylyň ähliumumy saýlawlarynda ýurduň ozalky prezidentlerinden biriniň, şeýle hem ýurduň ozalky bir goşun komanduýuşisiniň hem-de ozalky razwedka ýolbaşçysynyň saýlawlaryň netijelerini galplaşdyrmak işine gatnaşandyklaryny aýtdy.

Ol bu ugurda bildirilýän aýyplamalar bilen baglanyşykly ýurduň ozalky goşun ýolbaşçysy general Aslan Bege hem-de aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy general Asad Dürranä garşy jenaýat-derňew işiniň ýola goýulmalydygy barada karar çykardy.
XS
SM
MD
LG