Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakiýew barada has köp maglumat peýda boldy


Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň Britaniýada ýaşaýan ogly Maksim Bakiýew
Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň Britaniýada ýaşaýan ogly Maksim Bakiýew
Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň Britaniýada ýaşaýan ogluny Birleşen Ştatlar näme üçin tussag etmek isleýär?

35 ýaşly Maksim Bakiýew geçen hepde Waşingtonyň ekstradisiýa talaby bilen Londonda tussag edileni bäri bu sorag köpleri gyzyklandyrýar.

Häkimiýetden agdarylan gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň ogly Maksim Bakiýew sanlyja günlerden soň zamun esasynda boşadyldy. Şondan bäri ol özüniň näme üçin Atlantigiň aňyrsyndan soralýandygy barada hiç zat aýtmady.

Bakiýew dymmaga dowam edýän hem bolsa, bu barada käbir maglumatlar ýüze çykyp başlady. Maksim Bakiýewe bildirilýän çynlakaý aýyplamalar subut edilse, oňa birnäçe ýyllyk türme tussaglygynyň garaşýandygy belli boldy.

"Bu ýerde iki sany aýry-aýry aýyplama göz öňünde tutulýar. Birinjisi galplyk bilen bagly, ýagny ýalan sözlemek ýa-da onuň Bişkegiň etegindäki Manas howa bazasynda işleden kompaniýalarynyň üsti bilen pul ogurlamagy. Ikinjisi bolsa Birleşen Ştatlardaky biržany öz içine alýan howpsuzlyk galplyklarydyr. Bu aýyplamalaryň islendik biri haýsydyr bir adamy birnäçe ýyllyk türme tussaglygyna höküm etmek üçin ýeterlikdir. Aýdylýan jenaýatyň derejesine we Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň nämäni subut edip bilýändigine bagly bolmak bilen, bu uzak möhletli hem bolup biler" diýip, Jorjtaun uniwersitetiniň Milli howsuzlyk boýunça dosenti Kristofer Swift aýdýar.

Swiftiň aýtmagyna görä, Bakiýewiň Birleşen Ştatlarda sud edilip-edilmezligi onuň syýasy gaçybatalga boýunça beren arzasy barada Britaniýanyň sudunyň nähili karar çykarjagyna bagly bolar. Gyrgyz raýaty Bakiýew 2010-njy ýylyň iýun aýynda Britaniýa barandan az wagt soň gaçybatalga sorapdy.

"Eger gaçybatalga babatda 'ýok' diýen karar çykarylsa, onda onuň Gyrgyzystana yzyna iberilmegi mümkin. Eger oňa gaçybatalga berilse we britan sudy onuň ekstradisiýa edilmegine esasyň bardygy barada karar çykarsa, ol Birleşen Ştatlara ekstradisiýa ediler" diýip, Swift aýdýar.

Häzirlikçe, britan sudunyň onuň gaçybatalga arzasyna haçan jogap berjegi belli däl. Bakiýew Gyrgyzystany terk etmezden ozal bu ýurduň iň uly bankyndan millionlarça dollar alanlykda aýyplanyp, gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan hem soralýar. Bakiýew bu aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini öňe sürýär.

Bakiýewiň ekstradisiýa edilmegini soraýan amerikan sülçüleri oňa garşy bildirilýän aýyplamalar barada açyk beýanat bermediler. Emma 17-nji oktýabrda Birleşen Ştatlarda gündelik çap edilýän "The Wall Street Journal" gazeti bu işe ýakyn çeşmelere salgylanyp, aýyplamalar barada jikme-jik maglumat berdi.

Gazetiň habarçylarynyň biri Alan Kalisonyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň Federal derňew býurosy (FBI) Bakiýewiň 2010-11-nji ýyllarda ABŞ biržalarynda bikanun içki söwda arkaly millionlarça dollar girdeji gazanandygyna ynanýar.

Suduň dokumentlerinde bu barada berlen maglumatlarda Taýýib Ali Muniriň hem ady geçýär. Londonda ýaşaýan fond treýderi Munir 15-nji oktýabrda Nýu-Ýorkuň sudunda peýda boldy we fond biržasynda içki söwda boýunça dildüwşük gurnandygyny boýun aldy.

Munire degişli sud dokumentlerinde onuň ýaranlarynyň ady agzalanok. Emma "The Wall Street Journal" bu işe gatnaşýan ençeme adamlara salgylanyp, iň esasy gurnaýjylaryň biriniň Bakiýewdigini ýazýar.

Bu aralykda, agzalýan dildüwşüge gatnaşan adamlaryň biri hökmünde "The Wall Street Journal" gazetiniň çeşmeleriniň görkezen başga bir adamy bolan Ýewgeniý Gurewiç 17-nji oktýabrda bu işe dahylsyz aýyplamalar esasynda italýan häkimiýetlerine tabyn boldy. Ol 2003-2006-njy ýyllar aralygynda milliardlarça dollarlyk galplyga baş goşanlykda aýyplanýar.

ABŞ-nyň raýaty Gurewiçiň Maksim Bakiýew Gyrgyzystandaka onuň ýakyn dosty we maliýe maslahatçysy bolandygy aýdylýar. "The Wall Street Journal" amerikan sudunyň dokumentlerinde Munire garşy maglumat toplamakda Federal derňew býurosy bilen hyzmatdaşlyk eden "gizlin çeşme" hökmünde görkezilýän adamyň Ýewgeniý Gurewiçdigi baradaky netijä geldi.

Gazetiň habarçysy Alan Kalison içki birža söwdasyny amala aşyrmak üçin zerur bolan "gizlin we bikanun maglumatlara eýe bolan adamlar bilen Maksim Bakiýewi tanyşdyranyň" Ýewgeniý Gurewiç bolmalydygyny hem aýdýar.
XS
SM
MD
LG