Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Beýrutdaky hüjümi berk ýazgaryp, beýanat ýaýratdy


Şenbe güni Birleşen Ştatlaryň hökümeti Liwanyň paýtagty Beýrutda amala aşyrylan terror hüjümini berk ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

Anna güni Beýrudyň merkezinde amala aşyrylan güýçli partlamada ýedi adam bilen birlikde Liwanyň razwedka bölüminiň başlygy, brigada-generaly Wissam al-Hassan hem bu hüjümiň pidasy boldy.

Bu waka bilen bagly ýaýradan resmi beýanatynda ABŞ-nyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň metbugat sekretary Tommi Wietor bu “wagşy hüjümi” gurnanlary ele salmakda we jogapkärçilige çekmekde Birleşen Ştatlaryň Liwanyň hökümeti bilen egin-egne berip durjakdygyny nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG