Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Geljek ýylyň býujeti kesgitlenildi


Býujet pulunyň 47.4 milliard manadyny geljek ýyl önümçilik we sosial-medeni pudaklara gönükdirmeklik göz öňünde tutulýar.
Býujet pulunyň 47.4 milliard manadyny geljek ýyl önümçilik we sosial-medeni pudaklara gönükdirmeklik göz öňünde tutulýar.
Anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet we parlament maslahatlarynda 2013-nji ýylyň döwlet býujeti bilen bagly meselelere garaldy.

Hökümet maslahatynda edilen teklipleriň esasynda anna güni Türkmenistanyň Mejlisi bu meselä giňişleýin garap, “Türkmenistanyň 2013-nji ýyl boýunça döwlet býujeti baradaky” kanunyň taslamasyny kabul etdi.

Býujet barada kabul edilen bu täze kanuna laýyklykda, geljek ýyl döwlet býujetiniň girdeji bölegi 86 milliard 336 million manada golaý, çykdajy bölegi bolsa 89 milliard 736 million manada golaý bolar.

Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, geljek ýyl hem döwlet býujetiniň, esasan, nebit-gaz, himiýa, elektroenergetika we gurluşyk pudaklaryndan geljek girdejileriň hasabyna düzüljekdigi habar berilýär. Bu býujet pulunyň 47.4 milliard manadyny geljek ýyl önümçilik we sosial-medeni pudaklara gönükdirmeklik göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň maglumatyna görä, 2013-nji ýylda, geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende, bilim pudagyna gönükdirilýän serişdeler 15.7%, saglygy saklaýyş pudagyna gönükdirilýän serişdeler 10.8% we medeni pudaga gönükdirilýän serişdeler 22.6% artdyrylar. Emma pu pudaklara anyk näçe puluň goýberiljekdigi barada maglumat berilmeýär.

Mundan daşary, sport çärelerine goýberilýän serişdeleriňem geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende, 2013-nji ýylda 1.9 esse artdyryljakdygy aýdylsa-da, bu maksat üçin anyk näçe serişdäniň goýberiljekdigi barada resmi mediada habar berilmeýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň ozalky gol çeken permany esasynda geljek ýyl ilatyň aýlyk haklaryny we döwlet posobiýalaryny 10%, pensiýa töleglerini bolsa 15% artdyrmaklyk-da göz öňünde tutulýar.

Anna güni býujet meseleleri bilen bir hatarda parlament “Ilatyň sosial goragy baradaky Türkmenistanyň Kodeksini tassyklamak hem-de güýje girizmek” barada kanunyň taslamasyny-da taýýarlady.
XS
SM
MD
LG