Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Oppozisiýanyň Koordinasiýa Geňeşine saýlawlar geçýär


Şenbe güni Orsýetiň paýtagty Moskwada oppozisiýanyň Koordinasiýa Geňeşine geçirilýän içerki saýlawlaryny goldaýjylaryň ýüzlerçesi pikete ýygnandy.

Oppozisiýa liderlerinden biri Sergeý Udalsow şu gün Moskwanyň “Swetnoý bulwar” meýdançasyndaky parkda gurnalan bu pikete müňden gowrak adamyň gatnaşandygyny aýtdy.

Bu piketiň öňýany, şenbe güni irden oppozisiýanyň Koordinasiýa Geňeşine internet arkaly geçirilýän ses berişlik hakerleriň hüjümi sebäpli bökdeldi. 45 orunlyk bu Geňeşe Orsýetiň dürli oppozisiýa toparlaryndan we partiýalaryndan jemi 200-den gowrak wekil dalaş edýär.

Bu Geňeş üçin ses berişlikleri şenbe we ýekşenbe günleri regionlarda oppozisiýanyň agzalary tarapyndan býulletenler arkaly göni ses berişlik hem-de internet arkaly elektron ses berişlik görnüşinde geçirmeklik planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG