Sepleriň elýeterliligi

Bakudaky protestlerde azyndan 30 töweregi adam tussag edildi


Şenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda protestçileriň demonstrasiýa geçirmek synanyşyklarynda azyndan 30 töweregi adam tussag edildi.

Bu wakada polisiýa oppozisiýanyň we garaşsyz ýaşlar toparynyň demonstrasiýa gurnamak synanyşyklarynyň öňüne böwet boldy.

Maglumata görä, olaryň demonstrasiýa geçirmek baradaky haýyşyny Bakuwyň häkimiýetleri kanagatlandyrmandyr. Bakuwyň merkezine baran oppozisiýanyň we ýaşlar toparynyň aktiwistleri Azerbaýjanyň parlamentiniň dargadylmagyna çagyryş edipdirler.

Bu wakanyň öňýany internetdäki sosial ulgamlarda Azerbaýjanyň dolandyryjy partiýasyndan bir deputatyň başga bir çinownige 1 million 300 müň dollara parlamentden deputatlyk kürsüsini hödürleýändigini görkezýän bir wideo ýazgy peýda bolupdy.
XS
SM
MD
LG