Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň oppozisiýasy öz saýlawlaryny geçirýär


Orsýetiň oppozisiýa liderlerinden biri Sergeý Udalsow "Millionlaryň ýörişi" ady bilen gurnalan protest çäresinde çykyş edýär. Moskwa, 15-nji sentýabr, 2012.
Orsýetiň oppozisiýa liderlerinden biri Sergeý Udalsow "Millionlaryň ýörişi" ady bilen gurnalan protest çäresinde çykyş edýär. Moskwa, 15-nji sentýabr, 2012.
Şenbe güni Orsýetiň paýtagty Moskwada oppozisiýanyň Koordinasiýa Geňeşine geçirilýän içerki saýlawlaryny goldaýjylaryň ýüzlerçesi şäheriň merkezine ýygnandylar.

Oppozisiýa liderlerinden biri Sergeý Udalsow şenbe güni Moskwanyň “Swetnoý bulwar” meýdançasyndaky parkda gurnalan bu çärä müňden gowrak adamyň gatnaşandygyny aýtdy.

Bu wakanyň öňýany, şenbe güni irden oppozisiýanyň Koordinasiýa Geňeşine internet arkaly geçirilýän ses berişlik hakerleriň hüjümi sebäpli wagtlaýynça bökdeldi.

45 orunlyk bu Geňeşe Orsýetiň dagynyk ýagdaýdaky dürli oppozisiýa toparlaryndan we partiýalaryndan jemi 200-den gowrak wekil dalaş edýär.

Bu Geňeş üçin ses berişlikler şenbe we ýekşenbe günleri regionlarda oppozisiýanyň agzalary tarapyndan býulletenler arkaly göni ses berişlik hem-de internet arkaly elektron ses berişlik görnüşinde geçirilýär.

Saýlawlar gözegçilik astynda

Şenbe güni Moskwanyň merkezinde oppozisiýany goldaýjylaryň ses bermekleri üçin gurnalan nokadyň töwereklerine polisiýanyň maşynlary-da ýygnandy. Bu ýagdaýy oppozisiýanyň aktiwistleri özlerine garşy görkezilýän basyşyň bir görnüşi diýip atlandyrýarlar.

Oppozision çepçi frontuň lideri Sergeý Udalsow özleriniň häzirki gurnan çäresini hakyky demokratiýany goldamak üçin gurnalan unikal bir waka hökmünde häsiýetlendirdi.

“Bu çäre hakyky demokratiýany goldamak üçin gurnalan bir aksiýa. Şeýle hem, bu raýatlaryň özleriniň azat we adalatly saýlaw gurnamak ugrundaky tagallasyny görkezýär. Bu bir unikal çäre. Meniň üçin bu çäräniň gymmaty onda raýatlaryň özleriniň, döwletiň we häkimiýetiň goşulyşmaýan ýagdaýynda, häzirkizaman tehnologiýasyny ulanyp, saýlawlary gurnaýanlygydyr” diýip, Udalsow ýagdaýa baha berdi.

Moskwadaky bu ses berişlige gatnaşyjylaryň käbirleri şu ýylyň maý aýynda polisiýa bilen çaknyşyklarda tussag edilen oppozision aktiwistleri goldaýyjy şygarlary göterip, ol ýere bardylar.

Şu geçen hepdäniň başynda Sergeý Udalsowyň kömekçisi Konstantin Lebedew köpçülikleýin bulagaýçylyklary gurnamak synanyşyklarynda aýyplanyp, tussag astyna alyndy. Bu işde günäli tapylan halatynda, onuň 10 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG