Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurluşykçylaryň zähmet hukuklary gözden salynýar


Gurluşykçylaryň normadan köp işledilmeginiň sebäbi iş buýuryjylaryň gurluşyk obýektini az möhletde ulanyşa bermek baradaky talaplary bilen baglanyşdyrylýar.
Gurluşykçylaryň normadan köp işledilmeginiň sebäbi iş buýuryjylaryň gurluşyk obýektini az möhletde ulanyşa bermek baradaky talaplary bilen baglanyşdyrylýar.
Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistan gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Bu meýdança-da zähmet çekýän daşary ýurtlular bilen türkmenistanlylaryň iş şertleri biri-birleriniňkiden tapawutlanýar. Ýerli gurluşykçylaryň ençemesiniň sözlerinden çen tutsaň, olaryň iş şertleri Türkmenistanyň Zähmet kodeksine gabat gelmeýär.

“Häzirki işleýän gurluşyk firmamda meniň alýan aýlygym 350$. Ýöne onuň üçin men günde 11 sagat işlemeli bolýaryn. Iş wagtymyz irden sagat 8.00-da başlap, agşam sagat 19.00-da gutarýar” diýip, gurluşyk firmalarynyň birinde ençeme ýyl bäri işleýän Mesgen aýdýar.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 4-nji bölüminiň 59-njy maddasynyň I. punktunda, iş ýerleriniň eýeçiligine garamazdan, adamlaryň iş wagty hepdede 40 sagatdan geçmeli däl diýlip görkezilen. Eger işi agyr bolan ýagdaýynda bolsa, 36 sagatdan köp işlemeli däl.

Gurluşykçylaryň normadan köp işledilmeginiň sebäbi iş buýuryjylaryň gurluşyk obýektini az möhletde ulanyşa bermek baradaky talaplary bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle şertlerde zähmet hukuklarynyň gözden salynýandygy aýdylýar.

Gurluşyk obýektinde işçileriň iş şertleriniň talabalaýyk ýola goýulmagyna gözegçilik etmek üçin her bir gurluşyk meýdançasynda iş buýuryjynyň wekili bellenilýär. Emma olaryň öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmeýändikleri barada aýdylýar.

"Biziň iş şertlerimize seredilmeýänliginiň sebäbi 'zakazçikleriň' şol wekilleriniň para bilen gözleriniň ýumdurylmagy bilen bagly. Şol sebäpden hem esasy agram ýönekeý gurluşykçylara düşýär" diýip, Mesgen bu problemany korrupsiýadan görýär.

35 ýaşlaryndaky başga bir gurluşykçy Şamyrat bolsa aýda diňe iki gün dynç alýandyklaryny, iş “gaýnap duran” wagty baýramçylyklarda-da işleýändiklerini gürrüň berýär. Mundan başga-da, onuň aýtmagyna görä, gurluşyk firmalarynda berilýän naharlaryň hili pes.

"Doýup bolmaýar. Naharhanada nobat hem uzyn. Soňuna galsaň, nahar ýetmeýär, ýa-da okara ýetmeýär. Şonuň üçin, ulanylan okaralara guýup berýärler” diýip, Şamyrat aýdýar.

Emma, işçileriň aýtmagyna görä, ofis işgärleriniň iş şertleri obýektde işleýänleriň iş şertlerinden düýbünden tapawutlanýar, olar üçin has oňaýly şertler döredilýär.

Gurluşyklara ençeme million dollarlyk pul serişdeleriniň goýberilýändigine garamazdan, gurluşykçylaryň aýlyklarynyň gijikdirilip berilýändigi, kämahal zähmet haklarynyň asla berilmeýän halatlarynyň hem bolýandygy aýdylýar.

Aşgabatda türk firmasynyň gurýan binasynda gurluşykçy bolup işleýän Juma, işe başlanyndan bäri bir aýdan hem köp wagtyň geçendigine garamazdan, entek hem aýlyk hakynyň berilmändigini aýdýar.

“Işe başlanyňdan iki aý soň birinji aýlygyňy alýaň. Bir aý 'gury' işlän ýaly bolýarsyň. Bizi 'ýük maşyn' ýaly işledýärler. Ýöne aýlyga gezek gelende kynçylyk çekýäris. Şolaryň biri hem aýlyk almak üçin düzülýän nobat. Sebäbi aýlyk paýlananda diňe bir adam paýlaýar. Käwagt bolsa günüň dowamynda nobata durup, puluň gutaranlygyny eşidýäris. Beýle ýagdaýlara “zakazçikleriň” wekilleri göz ýumýarlar” diýip, Juma aýdýar.

Garaşsyzlyk döwründe Türkmenistanyň has hem gözelleşýändigi resmi metbugatda yzygiderli wasp edilýär. Gurluşyk pudagynda işleýän işçileriň zähmet hukuklary barada bolsa, häzirlikçe, ne resmi metbugat dil ýarýar, ne-de hökümet resmileri.
XS
SM
MD
LG