Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Prezidentiň kakasynyň adyna Medeniýet köşgi açyldy


20-nji oktýabrda, şenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Gökdepe etrabyndaky Yzgant obasynda öz kakasynyň adyna täze gurlan Medeniýet köşgüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu dabaranyň öňýany Gurbanguly Berdimuhamedow bu obada öz atasynyň adyny göterýän 27-nji orta mekdebe-de sapar etdi. Ol mekdebiň girelge zalynda öz atasy, Beýik Watançylyk Urşunyň weterany, 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda aradan çykan Berdimuhammet Annaýewiň heýkeline gül goýup, oňa öz hormatyny bildirdi.

Soňra G.Berdimuhamedow bu obada täze açylan Medeniýet köşgüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu wakanyň öňýany Türkmenistanyň Mejlisi bu täze gurlan Medeniýet köşgüne prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak barada karar kabul edipdi.

Bu Medeniýet köşgüniň açylyş dabarasynyň soňunda prezident G.Berdimuhamedow Medeniýet köşgüne ýörite bir ýeňil maşyny sowgat berdi.

Bu dabaradan soň prezident şu Yzgant obasynyň merkezinde täze gurlan häzirkizaman tipli sport komplekstine-de baryp gördi.
XS
SM
MD
LG