Sepleriň elýeterliligi

Damaskyň merkezindäki partlamada azyndan ýedi adam öldi


Ýekşenbe güni Siriýanyň telewideniýesi paýtagt Damaskyň gadymy kwartalynda uly bir partlamanyň amala aşyrylandygyny habar berdi.

Maglumata görä, bu partlama şäheriň merkezindäki Bab Tuma kwartalynda, polisiýa edarasynyň golaýynda amala aşyrylypdyr.

Telewideniýäniň maglumatynda bu partlamada azyndan ýedi adamyň ölendigi aýdylýar. Emma ölenleriň arasynda polisiýa işgärleriniň bardygy ýa ýokduga barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG