Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň metbugat sekretary resmi maglumaty ret edýär


Liwiýanyň ozalky diktator lideri Muammar Kaddafiniň soňky metbugat sekretary Mussa Ibrahiminiň tussag edilendigi barada gapma-garşylykly maglumatlar peýda boldy.

Liwiýanyň hökümeti şenbe güni Bani Walid şäherine garşy geçirilýän harby operasiýalaryň barşynda Mussa Ibrahiminiň tussag edilendigi barada maglumat ýaýratdy.

Emma aradan birnäçe sagat geçensoň, Mussa Ibrahimi internete ýerleşdiren wideo çykyşynda özüniň diridigini we özüniň hatda Liwiýanyň territoriýasynda hem däldigini tassyklady.

Bu wakalaryň fonunda Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň iň köp jemlenen şäheri hasaplanylýan Bani Walid şäherine garşy hökümet güýçleri tutanýerli hüjüm alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG