Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Terrorizmde aýyplanýan üç raýat dardan asylyp öldürildi


Ýekşenbe güni Eýranyň resmileri ýurduň Sistan-Baluçistan prowinsiýasynda 2010-njy ýylda amala aşyrylan terror hüjüminde günäli tapylan üç adamyň dardan asylyp öldürilendigini mälim etdiler.

Eýranyň sudy bu ýurduň raýatlary Ýahýa Çarezehi, Abduljalil Kahrazehi we Abdulbasset Rigini 2010-njy ýylda bomba partlamalaryny amala aşyryp, jemi 67 adamyň ölümine sebäp bolanlykda günäli tapypdy we olary ölüm jezasyna höküm edipdi.

Hususan-da, Ýahýa Çarezehi bilen Abduljalil Kahrazehi 2010-njy ýylyň dekabrynda Şabahar şäherinde şaýylaryň dini dabarasynda partlama amala aşyryp, 39 adamy öldürenlikde günäli tapyldy.

Abdulbasset Rigi bolsa şol ýylyň iýul aýynda Zahedan şäherinde partlama amala aşyryp, 28 adamy öldürenlikde günäli tapyldy. Maglumata görä, bularyň üçüsem ýekşenbe güni Zahedan şäheriniň türmesinde dardan asylyp, jezalandyrylypdyr.
XS
SM
MD
LG