Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň täze parlamenti özüniň ilkinji sessiýasyna başlady


Ýekşenbe güni Gürjüstanyň täze saýlanan parlamenti özüniň ilkinji sessiýasyna başlady. Bu sessiýa ýurduň Kutaýisi şäherinde gurnaldy. Sessiýada prezident Mihail Saakaşwili täze parlamentiň öňünde doklad bilen çykyş eder diýlip garaşylýar.

Gürjüstanda 1-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda “Gürji arzuwy” atly oppozision koalisiýa parlamentdäki 150 orundan 85-sine eýe bolup, ýeňiş gazanypdy.

Ýekşenbe güni deputatlar “Gürji arzuwy” koalisiýasynyň wekili Dawid Usupaşwilini parlamentiň spikeri wezipesine saýladylar. Bu koalisiýanyň lideri Bidzina Iwanişwiliniň kandidaturasy bolsa premýer-ministriň wezipesine hödürlendi.

Mundan daşary, bu sessiýanyň dowamynda deputatlar konstitusiýanyň käbir bölümlerine üýtgetme girizmekligi, şol sanda parlamentiň sessiýalaryny paýtagt Tbiliside geçirmeklige mümkinçilik berýän üýtgetmeleri-de girizmekligi göz öňünde tutýarlar.
XS
SM
MD
LG