Sepleriň elýeterliligi

Liwanyň razwedka ýolbaşçysynyň jaýlanyşy geçirilýär


Ýekşenbe güni Liwanyň paýtagty Beýrutda anna günki partlamada öldürilen razwedka bölüminiň başlygy, general Wissam al-Hassanyň jaýlanyş merasimi geçirilýär.

Şol gürrüňi edilýän partlamada anna güni jemi sekiz adam ölüp, onlarça adam ýaralanypdy. Ýerli liwanlylaryň köpüsi bu wakada Siriýany aýyplaýar.

Liwanyň premýer-ministri Najib Mikati şenbe güni bu waka bilen bagly eden çykyşynda general Wissam al-Hassanyň Liwanyň territoriýasynda amala aşyrylan käbir syýasy kast edişlikler boýunça şu geçen tomus käbir hakykatlaryň üstüni açandygyny aýtdy we bu soňky hüjümi şol wakalar bilen baglanyşdyrdy.

Bu wakalaryň fonunda Liwanyň oppozisiýa partiýalary Siriýa garşy protest çykyşlarynyň gurnalmagyna çagyryş edip, beýanat etdiler.
XS
SM
MD
LG