Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Terrorizme garşy operasiýada 49 adam öldürildi


Ýekşenbe güni Orsýetiň ýörite güýçleri ýurduň Demirgazyk Kawkaz regionynda terrorizme garşy giň gerimde operasiýa geçirdi. Bu operasiýalar, hususan-da, Dagystan we Kabardino-Balkariýa regionlarynda geçirildi.

Federal howpsuzlyk gullugynyň we Içeri işler ministrliginiň güýçleri tarapyndan geçirilen bu operasiýada 49 sany ekstremistik söweşijiniň öldürilendigi habar berilýär.

Maglumata görä, bu öldürilenlerden dokuzysy ýaragly söweşijileriň we bikanun toparlaryň liderleri diýlip hasaplanylýar.

Orsýetiň resmileri bu geçirilen operasiýanyň netijesinde bu regiondaky ekstremistleriň hereketine uly zarba urlandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG