Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awtoýaryş geçirildi, tribuna boş durdy


Soňky günler Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, ençeme sport ýaryşlary geçirilýär. Emma sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerlerindäki tribunalar köplenç halatda boş durýar.

21-nji oktýabrda paýtagtdaky “Aşgabat” sport toplumynyň ýanyndaky awtodromda geçirilen awtosport boýunça baýramçylyk ýaryşynda hem tomaşaçylaryň sany 20-ä hem ýetenokdy.

Aslynda, sportuň bu görnüşi iň bolmanda ýaşlary gyzyklandyraýjak ýaly hem bolup görünýär. Bir döwür “çyraçylyk” ady bilen meşhur bolan gijeki bikanun awtoýaryşlaryň ýaşlaryň bir böleginiň arasynda meşhur bolandygyny göz öňünde tutsak, bu ýaryş olaryň ünsüni çekäýjek hem ýaly. Emma häzirlikçe beýle däl.

Tomaşaçylaryň sany 20-ä hem ýetenokdy, 21-nji oktýabr.
Tomaşaçylaryň sany 20-ä hem ýetenokdy, 21-nji oktýabr.
Tribunada oturan, adynyň efirde tutulmagyny islemedik awto ýaryşyjylaryň biri bu ýagdaýy ýaryşyň mahabatlandyrylyşynyň ýeterlik bolmandygy bilen düşündirýär: “Bu ýaryşyň geçiriljekdigi barada bildiriş berilmedi. Şonuň üçin adam az. Eger-de daşary ýurtlardaky ýaly bu hili ýaryşlaryň reklamasy ýetirilip dursa, onda tomaşaçylaryň sany häzirkiden köp bolardy”.

Onuň aýdyşy ýaly, bu ýaryşyň geçirilýändigi barada ýurduň habar beriş serişdeleri arkaly bildiriş berilmedi. Diňe merkezi gazetlerde her aýyň başynda çap edilýän köpçülikleýin çäreleriň sanawynda bu hili ýaryşyň geçiriljekdigi barada aýdyldy. Ýurtda geçirilýän sport ýaryşlarynyň beýlekileri baradaky bildirişlere hem köpçülikleýin ýerlerde ýa-da metbugatda gabat gelmek kyn.

Bu ýaryşa tomaşa etmäge gelen 22 ýaşly Arslan ýaryşyň geçirilýän ýerine golaý ýerleşýän “Bagt köşgünde” işleýär. “Men ýaryş maşynlarynyň sesine şu ýere geldim. Bu hili awtoýaryşa ilkinji gezek tomaşa etdim. Örän gyzykly boldy” diýip, Arslan aýdýar.

Başga-da 5-6 adam “Volkicar” sport awtomobilleriniň sesini eşdip, bu ýaryşa tomaşa etmäge gelipdir. Birem telewideniýäniň işgärleri bilen ýaryşy gurnaýjylar bardy.



Az sanly tomaşaçylaryň aýtmaklaryna görä, ýaryşyň gidişini yzarlar ýaly bu trekde tomaşaçylar üçin şertler hem ýok.

“Awtodromyň tribunalarynda oturup tomaşa etmäge gowy şertler bar. Emma ýaryşa haýsy komandanyň gatnaşýandygy, kimiň birinji ýerde barýandygy baradaky maglumatlary görkezýän bukletlerdir tablolar ýok. Hatda bu hili maglumaty okaýan diktor hem ýok” diýip, Arslan aýdýar.

Awtodromyň informasion serişdeler bilen üpjünçiliginden bu ýaryşa gatnaşýan ýaryşyjylar hem nägile. Olaryň aýtmaklaryna görä, munuň sebäbi awtomobil sportyna çinownikler tarapyndan üns berilmeýändigi bilen bagly.

“Biziň ýurdumyzda prezident buýruk berýänçä hiç zat edilmeýär. Mesele prezidente ýetýänçä çözülmeýär. Awtodromy daşary ýurtlardaky ýaly tablolar bilen üpjün etmek barada birnäçe gezek mesele gozgaldy. Emma edilýän iş ýok” diýip, awto ýaryşyjysy aýdýar.

21-nji oktýabrda baýramçylyk ýaryşyna gatnaşan “Volcikar” ýaryş awtomobilleriniň 10 sanysy şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň awtomobil sport merkezine Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan sowgat berlipdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň sport baradaky komitetiniň balansyna “Bugatti Weýron”, “Mitsubishi”, “Renault” ýaly meşhur sport awtomobilleri hem muzdsuz geçirilipdi.

Ýurt baştutanynyň ýaşlykda awtosport bilen meşgul bolup, 7-lik nomerde çykyş edendigi hem resmi metbugatda habar berildi. Şu ýylyň aprel aýynda geçen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hepdeliginiň çäginde “Volcikar” awtomobillerinde ilkinji gezek ýaryş hem geçirilipdi. Şol ýaryşda prezident birinji orny eýeläpdi.

Emma ýurtda awtoýaryşlaryň tomaşaçylarynyň sanyny köpeltmek üçin diňe bir prezidentiň sportuň bu görnüşi bilen içgin gyzyklanmasynyň ýeterlik däldigini 21-nji oktýabrda geçirilen baýramçylyk awtoýaryşynyň boş tribunalary hem görkezdi.
XS
SM
MD
LG