Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: Türkiýe žurnalistleri türmä basmak boýunça ilkinji orunda


Türkiýe “žurnalistleri türmä basmak boýunça” ilkinji orunda dur diýip, Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň (CPJ) duşenbe güni ýaýradan hasabatynda nygtalýar.

Hasabat şu ýylyň 1-nji awgustyna çenli ýagdaýlary öz içine alyp, onda häzir Türkiýäniň türmelerinde 76 žurnalistiň saklanýandygy bellenilýär. Guramanyň belleýşi ýaly tussaglykdaky žurnalistleriň 70%-i kürt.

Žurnalistleri goramak boýunça komitet Türkiýäniň 2007-nji ýylda kabul eden Internet baradaky kanunyny hem tankytlaýar. Gurama kanunyň üsti bilen oppozisiýa we Kürt web sahypalarynyň petiklenip bilinýändigini belleýär.
XS
SM
MD
LG