Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda ot atyşlykda bir söweşiji öldürildi


Demirgazyk Kawkazyň Dagystan respublikasynda rus harbylary bilen ot atyşlykda bir söweşiji öldürildi. Bu barada ýerli resmiler maglumat berýär.

Resmi informasiýa laýyklykda, duşenbe güni irden paýtagt Mahaçgalada üç söweşiji harby patrola hüjüm edipdir. Esgerler garşylyk berip ot açanda, hüjümçileriň biri öldürildi, beýleki ikisi hem wakanyň bolan ýerinden gaçdy.

Ot atyşlykda harbylaryň ýitgileri çekendigi barada maglumat gowuşmady.

Mundan bir gün öň, Orsýetiň terrorizme garşy göreşmek boýunça milli komiteti Dagystan we Kabardino-Balkariýa respublikalarynda geçirilen uly operasiýada 49 söweşijiniň öldürilendigini mälim edipdi.

Demirgazyk Kawkaz sebitinde, ýagny Çeçenistanda, Dagystanda, Inguşystanda we Kabardino-Balkariýada yslamçy söweşijileridigi öýdülýän toparlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda her ýyl onlarça adam ölýär we ýaralanýar.
XS
SM
MD
LG