Sepleriň elýeterliligi

Kastro özüniň saglyk ýagdaýy bilen bagly maglumatlary tankytlaýar


Kubanyň rewolýusion lideri Fidel Kastro özüniň agyr ýatandygy baradaky gürrüňleri tankytlap makala ýazdy.

Makala duşenbe güni döwletiň eýeçiligindäki “Cubadebate” web saýtynda çap edildi. Makalanyň gapdalynda Kastronyň suratlary hem ýerleşdirilipdir.

Kastro özüniň makalasynda bu suratlary ýerleşdirip, edilýän gep-gybatlaryň “nä derejede ýalandygyny” äşgär etjek bolandygyny ýazýar.

Mundan öň, bir hepdä golaý wagt bäri Kastronyň agyr ýatandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

Fidel Kastro Kuba 1959-njy ýyldaky rewolýusiýadan soň baştutanlyk edipdi. Haçan-da 2006-njy ýylda Kastronyň dogany Raul häkimiýetiň başyna geçende, Kastronyň saglyk ýagdaýynyň erbetleşýändigi baradaky çaklamalar ýüz berip başlapdy.
XS
SM
MD
LG