Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň harbylary palestinaly söweşijiler bilen çaknyşdy


Duşenbe güni Gaza zolagynda Ysraýylyň harbylary palestinaly söweşijiler bilen çaknyşdy. Bu barada Ysraýylyň resmileri habar berýär.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, ýurduň harbylary Ysraýylyň territoriýasyna minomýotlardan ot açan söweşijilere garşy operasiýany geçiripdir.

Maglumatda palestinaly iki söweşijiniň öldürilendigi hem nygtalýar.

Bu aralykda Gaza sebitindäki Beit Hanun şäherine Ysraýylyň amala aşyran howa hüjüminde, azyndan bir adamyň ýaralandygy habar berilýär. Ysraýylyň resmileri bu maglumaty tassyklap, munuň minomýotlardan amala aşyrylan hüjümlere jogap hökmünde edilendigini bellediler.
XS
SM
MD
LG