Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň DIM-i ABŞ-daky adam hukuklaryny tankytlaýjy hasabat çykardy


Duşenbe güni Orsýetiň Daşary işler ministrligi ABŞ-daky adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça tankytlaýjy hasabat çap etdi.

Hasabat Orsýetiň Döwlet Dumasyna hödürlendi. Daşary işler ministrligiň adam hukuklary boýunça wekili Konstantin Dolgow ABŞ-da ynsan hukuklarynyň bozulmagy: jemgyýetçilik deňsizlik, milletçilik, aýyplama bildirilmezden adamlaryň uzak möhlet tussaglykda saklanmagy ýaly zatlar bilen häsiýetlendirilýändigini belledi.

Şeýle-de Dolgow Birleşen Ştatlary senzurada, ses berijiniň haklaryny bozmakda, internetdäki çäklendirmeler boýunça tankytlady. Dolgow ýarag söwdasynda aýyplanyp ABŞ-da tussaglykda saklanýan Wiktor But meselesiniň adam hukuklary boýunça Amerikanyň “goşa standartlarynyň” bardygyny anyk görkezýär diýip, sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG