Sepleriň elýeterliligi

“Interfax” Türkmenistan barada has köp maglumat bermek isleýär


“Interfax” informasion topary

“Interfax” informasion topary

Orsýetiň “Interfax” habar agentligi Aşgabatda Türkmenistanyň resmileri bilen gepleşik geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, “Türkmen Döwlet Habarlar” gullugynda we Daşary gatnaşyklar institutynda bolan duşuşyklarda informasiýanyň ösüşiniň, garaşsyz habar serişdeleriniň döredilmeginiň we Internet elýeterliliginiň maslahat edilendigi türkmen metbugatynda habar berildi. Azatlyk Radiosy Aşgabatdaky gepleşikler we “Interfax” agentliginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy bilen gyzyklanyp, agentligiň baş müdiriniň orunbasary, “Interfax” agentliginiň Halkara informasiýa gulluklarynyň prezidenti Igor Porşnew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky gepleşikler nähili maksat bilen geçirildi?

Igor Porşnew: Türkmenistandaky mümkinçilikler we ýurduň ykdysady mümkinçilikleri biziň Orsýetdäki, GDA ýurtlaryndaky we Günbatardaky müşderilerimizi örän gyzyklandyrýar. Şonuň üçin biz Tükmenistanyň ykdysadyýeti barada, infrastruktura proýektleri barada, goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy barada has jikme-jik maglumat almaga uly höwes bildirýaris. Ilkinji nobatda-da gazyň önümçiligine, söwdasyna degişli maglumatlar bizi iňňän gyzyklandyrýar. Biz hut şu ugurlara has köp üns bermekçi bolýarys.

“Interfax” agentliginiň müdiriniň orunbasary Igor Porşnew

“Interfax” agentliginiň müdiriniň orunbasary Igor Porşnew

Azatlyk Radiosy: “Interfax” näçe wagt bäri Türkmenistanda işleýär?

Igor Porşnew: "Interfax" 1989-njy ýylda döredilipdi. Başda Sowet Soýuzy döwründe işläp başlan “Interfax”, soň postsowet döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda işini dowam etdirdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda siziň akkreditasiýaňyz barmy?

Igor Porşnew: Su günki güne çenli biziň stringerimiz işleýär. Bu adaty bir praktika. Şeýle stringer habarçylarymyz başga ýurtlarda-da bar, olar aktiw iş alyp barýarlar. Emma başga bir mesele bar, biznesiň, informasiýa biznesiniň ösmegi bilen stringerlik ýeterlik bolmaýar. Has köp işiň edilmegine isleg döreýär. Men Aşgabatda geçiren gepleşiklerimiň netijesinde bu işleriň başa barjagyna umyt baglaýaryn.

Azatlyk Radiosy: “Interfax” agentligi Türkmenistanda regional bölümini açmagy planlaşdyrýarmy? Häzirki wagtda "Interfax-Gazagystan", "Interfax-Ukraina" ýaly agentlikleriň ençemesi dürli ýurtlarda işleýär.

Porşnew: Agzalan agentlikler olar regional bölümler däl. Gazagystanda, Ukrainada, Belarusda, Azerbeýjanda işleýän we şol ýurtlaryň kanunlary esasynda hasaba alynan agentlikler bize degişli, şol bir wagtda-da, olar 100% milli guramalar bolup durýar. Geljekde şeýle kompaniýanyň Türkmenistanda-da döräp biljeginiň ähtimaldygyny aradan aýyrmaýaryn. Bu başa barsa, gowy bolar.

Azatlyk Radiosy: Stringer habarçyňyzyň Türkmenistanda işleýändigini aýtdyňyz. Ol resmi ýagdaýda işleýärmi?

Igor Porşnew: Stringer kadaly ýagdaýda işleýär. Onuň biz üçin işleýändigi hemmä mälim. Biziň esasy, regional we sub-regional täzelikler lentalarymyzda Türkmenistan barada maglumatlaryň bardygyny görensiňiz. Emma maglumat müşderilerimiziň isleglerine garanda köp däl. Bellemeli zat, has köp maglumatyň berilmegine bar bolan gyzyklanmalar biziň, ýa-da türkmen häkimiýetleriniň isleglerine esaslanmaýar, bu ilkinji nobatda, “Interfax” agentliginiň müşderileriniň talabyna bagly, olar Türkmenistan barada has jikme-jik, has takyk maglumat almagy isleýärler. Olar ýurtda bolup geçýän zatlar, ykdysadyýetiň ugurlary, ösüşi bilen gyzyklanýarlar. Gaz ugrundan, onuň söwdasyna, kime we näçe mukdarda satylýandygyna, geljekki planlara gyzyklanma köp. Bu kadaly bir ýagdaý. Şonuň üçin Türkmenistan barada maglumatyň köp bolmagy bilen, gyzyklanma-da köp bolar.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda Türkmenistanda siz üçin maglumatlar näderejede elýeterli. Ýurtda işleýän habarçylaryňyz maglumat almakda kynçylyk çekýärmi?

Igor Porşnew: Maňa Türkmenistanda işlemegiň näderejede kyn ýa aňsatdygyna baha bermek kyn. Men öz tejribämden aýtsam, biziň stringerimiz maňa jaň edip, şeýle meseläni bir gezegem gozgamady. Şonuň üçin ýagdaýa doly baha bermek kyn. Ýöne "Interfaxyň" žurnalistleriniň nukdaý nazaryndan biz has köp maglumat almak isleýäris. Maglumatlaryň has jikme-jik we takyk bolmagyny isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmen resmileri bilen geçiren gepleşikleriňizde, siz türkmen tarapyndan habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaş bolmaga, maglumatlaryň elýeterli we erkin bolmagyna gyzyklanma duýduňyzmy?

Igor Porşnew: Meniň duýuşyma görä, ozara gyzyklanmanyň bardygy barada aýdyp biljek, biz ýurduň ykdysadyýeti barada has takyk maglumatlara eýe bolmaga gyzyklanma bildirdik, türkmen häkimiýetleri bolsa ýurt barada daşary ýurtlarda has köp habar berilmegini isleýärler, şeýlelikde bu ýerde ikitaraplaýyn hereket we gyzyklanma bar, diýip pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG