Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŽGK: Türkiýe žurnalistleri türmä basmagyň öňüni çekýär


Žurnalistleri Goraýan Komitetiň websaýtynyň baş sahypasy.
Žurnalistleri Goraýan Komitetiň websaýtynyň baş sahypasy.
Žurnalistleri goraýan komitet (ŽGK) Türkiýäni žurnalistleri köp türmä basmakda ýazgardy.

Bu toparyň duşenbe güni çap eden hasabatynda Ankaranyň tussag edilen žurnalistleriň sany boýunça dünýäde öňe saýlanandygy aýdylýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama 2012-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkiýede 76 žurnalistiň türmede bolandygyny we olaryň 61-siniň öz işi netijesinde tussag edilene meňzeýändigini aýtdy. Hasabatda galan 15 žurnalistiň işleriniň ŽGK-niň işgärleri tarapyndan derňelýändigi aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda türmedäki žurnalistleriň 70 prosentiniň kürt milletindendigi bellenilýär. Tussaglykdaky žurnalistleriň 30 prosentiniň hökümete garşy dildüwşiklere gatnaşmakda ýa-da bikanun guramalara agza bolmakda aýyplanandygy habar berilýär.

"Belli karara gelinýänçä"

Hasabat tussagda saklanýan žurnalistleriň dörtden üç bölegine entek hiç bir jenaýatda günä bildirilmändigini, ýöne olaryň “işleri boýunça belli bir karara gelinýänçä” türmede saklanylýandygyny habar berýär.

ŽGK žurnalistleriň garşysyna bildirilýän aýyplamanyň köplenç ýagdaýda olaryň “howpsuzlyk resmileri bilen gürleşmeginden ýa-da dokumentleri ele salmagyndan” uç alýandygyny ýazýar.

Joel Simon, ŽGK-niň ýerine ýetiriji direktory, 2010 ý.
Joel Simon, ŽGK-niň ýerine ýetiriji direktory, 2010 ý.
ŽGK-niň ýerine ýetiriji direktory Joel Simon “Türkiýäniň tankydy žurnalizmi terrorizme deňemek tendensiýasy ýurduň howpsuzlyk problemalary bilen aklanyp bilinmez” diýýär.

Hasabat türk mediýa azatlygy toparlarynyň habarlaryna salgylanyp, 2011-nji ýylyň aýagynda ol ýerde žurnalistlere garşy açylan 5000 müň çemesi jenaýat işiniň bolandygyny habar berýär.

Internet kanuny

Şeýle-de bu hasabat türk häkimiýetlerini 2007-nji ýyldaky Internet kanuny üçin tankyt edýär, bu kanun ýörite gözegçilikden geçirmek ygtyýaryny berýär. ŽGK bu kanunyň hususan-da oppozisiýa we kürt websaýtalaryna garşy ulanylýandygyny aýdýar.

ŽGK premiýer ministr Rejep Taýyp Erdogana “metbugata garşy hüjümini bes edip, oňa derek, söz azatlygyny kepillendirýän reformalary nazarlaýan mahaly, žurnalistler babatda adalatlylygy üpjün etmegi” maslahat berýär.

ŽGK-niň başlygy Simon “Regional we global güýç hökmünde ýokary galýan wagty, Türkiýäniň ykdysady we syýasy rowaçlygy habarlary, maglumatlary we ideýalary erkin alyş-çalyş etmek baradaky ählumumy hukuga hormat goýmak bilen utgaşmaly” diýdi.

ŽGK-niň maglumatlaryna görä, türk türmelerindäki žurnalistleriň sany Eýranda, Hytaýda we Eritreýada tussag edilen žurnalistleriň sanyndan geçýär we bu ýagdaý ony dünýäde žurnalistleri türmä basmakda öň hatara çykarýar.
XS
SM
MD
LG