Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda altyny gazyp çykarýan kompaniýanyň ýapylmagy talap edilýär


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Kemin etrabynda 200-e golaý adam, sebitde iş alyp barýan Hytaýyň altyn gazyp çykaryjy kärhanasynyň ýapylmagyny talap edip, ýöriş geçirdi.

Protestçiler Orlowka şäherinde ýerleşýän “Superb Pacific Limited” kärhanasynyň baş edarasynyň öňünde çadyrlary hem dikdiler. Etrabyň häkimi Umar Izabekowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, protestçiler kompaniýanyň işiniň togtadylmagyny talap edýärler.

Maglumata görä, kärhana birnäçe işgäri bikanun wezipesinden boşadypdyr, şeýle-de daşky gurşawy hapalamazlyk talaplaryndan boýun gaçyrypdyr.
XS
SM
MD
LG