Sepleriň elýeterliligi

Obama bilen Romni daşary syýasat boýunça çekeleşdi


Obama bilen Romni Amerikanyň ýüze-ýüz bolýan iň uly howpy babatda ylalaşmadylar, Obama onuň terrorizmdigini aýdýar, Romni bolsa onuň Eýranyň ýadro programmasydygyny aýdýar.

Obama bilen Romni Amerikanyň ýüze-ýüz bolýan iň uly howpy babatda ylalaşmadylar, Obama onuň terrorizmdigini aýdýar, Romni bolsa onuň Eýranyň ýadro programmasydygyny aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen onuň Respublikan bäsdeşi Mitt Romniniň ikisi hem Ysraýyly goramagy we Eýranyň ýadro ýaraglaryna eýe bolmagynyň öňüni almagy wada berdi.

Bu wadalar 22-nji oktýabrda, prezidentlige kandidatlar özleriniň üçinji we iň soňky çekeleşiklerinde daşary syýasat meseleleri boýunça jedelleşenlerinde berildi. Prezidentlik saýlawlarynyň geçirilmegine iki hepde galdy.

Florida ştatynda geçirilen 90 minutlyk çekeleşikde Obama Romniniň baş serkerdebaşy bolmaga taýýar däldigini görkezmäge çalyşdy. Romni bolsa Obamanyň liderliginiň Amerikanyň global güýjüni peseldendigini aýtdy.

Kandidatlaryň ikisi hem Owganystandaky daşary ýurt esgerleriniň 2014-nji ýyla çenli çykarylmagy boýunça planyň öz güýjünde galdyrylmalydygy babatda ylalaşdylar, olaryň ikisi hem Amerikanyň Pakistan bilen gatnaşyklarynyň gowy däldigini boýun aldylar.

Çekeleşikden öň geçirilen pikir soralyşyklaryň köpüsi prezidentlige kandidatlaryň hersiniň tarapdarlarynyň sanynyň 47 prosente golaýdygyny görkezdi.

Çekeleşigiň başynda Obama biznesmen we Massaçusets ştatynyň öňki gubernatory bolan Romniniň daşary syýasat boýunça düşnüksiz syýasat alyp barýandygyny, Siriýa, Eýran, Orsýet we Hytaý ýaly meseleler boýunça üznüksiz pozisiýa eýelemeýändigini aýtdy.

Obama Eýrana garşy halkara sansiýalarynyň güýçlendirilmeginiň bu ýurduň ykdysadyýetine täsir edýändigini, özüniň prezidentliginiň dowamynda Eýranyň ýadro ýaraglaryna hiç haçan eýe bolup bilmejegini nygtady.

"Meniň Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolup oturan döwrümde Eýran ýadro ýaragyny edinmez. Men ony prezidentlige gelen wagtym açyk aýtdym. Ondan soň biz Eýrana garşy taryhdaky iň güýçli koalisiýany we iň güýçli sanksiýalary ýola goýduk, bu bolsa olaryň ykdysadyýetini agsadýar" diýip, Obama aýtdy.

"Olaryň walýutasy 80 prosent pese gaçdy. Olaryň nebit önümçiligi 20 ýyl mundan ozal Yrak bilen söweşen döwürlerinden soňky iň pes derejä ýetdi. Şeýlelikde, olaryň ykdadyýeti bulaşyklygyň içinde. Muny edenimiziň sebäbi bolsa, ýadro ýaragyna eýe bolan Eýran biziň milli howpsuzlygymyz üçin howpdur, Ysraýylyň milli howpsuzlygy üçin howpdur" diýip, Obama aýtdy.

Pakistan barada soralanda Romni agyr gatnaşyklaryň bardygyny boýun aldy, emma Waşington bilen Yslamabadyň arasynda hiç hili "nika bozuşlygyň" bolmaly däldigini, sebäbi "aýrylyşan" Pakistanyň "adatdan daşary howp" boljagyny duýdurdy.

"Pakistan region üçin, dünýä üçin, biziň üçin möhüm ýurtdur, sebäbi Pakistanda 100 sany ýadro söweşbaşy bar we olar mundan hem köp ýasamaga howlugýarlar. Olar ýakyn geljekde Beýik Britaniýadakydan has köp ýadro ýaragyna eýe bolarlar" diýip, Romni aýtdy.

"Olaryň ýurdunda Hakgany topary hem bar, Talyban hem ýerleşýär. Şonuň üçin, Pakistanyň aýrylyp gitmegi, şowsuz döwlete öwrülmegi Owganystan üçin we biziň üçin adatdan daşary howp bolar. Şeýlelikde, Pakistanyň has durnukly hökümeti gurmaga tarap hereket etmegine itergi bermekde ýardam etmeli bolarys" diýip, Obama aýtdy.

Obama bilen Romni Amerikanyň ýüze-ýüz bolýan iň uly howpy babatda ylalaşmadylar, Obama onuň terrorizmdigini aýdýar, Romni bolsa onuň Eýranyň ýadro programmasydygyny aýdýar.

Waşingtonda ýerleşýän Strategik we halkara ylymlar merkeziniň Halkara howpsuzlygy programmasynyň müdiriniň orunbasary, analitik Ştefan Sanogyň pikiriçe, Obama bilen Romniniň ikisi hem daşary syýasat barada däl-de, içerki meseleler boýunça has köp çykyş etdi.

"Meniň ünsümi çeken zat, bu çekeleşik kandidatlaryň ikisi üçin hem ABŞ-nyň liderligi barada has giňräk çykyş etmäge gowy pursatdy, emma men beýle zat görmedim. Men olaryň hiçisi hem zaldan görnetin ýeňiş bilen çykyp gidendir öýdemok" diýip, Sanok Azatlyk Radiosyna aýtdy.
XS
SM
MD
LG