Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaşenko: Türkmenistanda sistemanyň üýtgemegine esas bolmady


Karnegi merkeziniň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Alekseý Malaşenko
Karnegi merkeziniň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Alekseý Malaşenko
Moskwadaky Karnegi merkezi ýakynda Türkmenistan barada brifing synyny çap etdi. Brifingiň awtory Alekseý Malaşenko ýurtdaky syýasy-jemgyýetçilik prosesleriniň aýratynlyklaryna we ykdysady ýagdaýa syn berdi. Azatlyk Radiosy Karnegi merkeziniň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Alekseý Malaşenko bilen söhbetdeş boldy .

Azatlyk Radiosy: Siz özüňiziň ýaýradan brifingingiňizde Türkmenistanda Nyýazowdan soňky döwürde käbir liberal özgerişlikler bolsa-da, umuman, ýurtdaky syýasy ýagdaýyň şol durkuna galandygyny belleýärsiňiz. Siziň pikiriňizçe, Nyýazow döwründen bäri alnyp barylýan sistemanyň saklanyp galmagyna näme sebäp bolýar?

Alekseý Malaşenko: Geliň, ähli zady bolşy ýaly aýdalyň, Türkmenistanda sistemanyň üýtgemegine hiç hili esas hem ýokdy ahyryn. Türkmenistandaky jemgyýet aglaba milli däplere esaslanýar, üstesine-de, ýurtda oppozisiýa diýen ýaly zat düýbünden ýok, bular ýaly ýagdaýlarda halky juda aňsatlyk bilen dolandyryp bolýar.

Häkimiýetiň mirasdüşeri – men Berdimuhamedowy göz öňünde tutuýaryn – Nyýazow döwründe toplanan ähli tejribäni aňrybaş derejede gowy özleşdirdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde ol Türkmenbaşynyň juda gözçykgynç käbir tejribelerinden ýüz öwürdi. Türkmen häkimiýetine ne ýurduň içerki elitasynyň arasynda, ne-de daşardan oppozisiýa boldy. Depelenip, ýok edilip bilinjek zat bolsa, hemmesi depelendi, ýumruldy. Bu ýagdaýda men özgerişlik şemalynyň haýsy tarapdan ugur alyp öwüsjekdigini bilemok.

Yslam babatynda käbir gep-gürrüňler bar. Ýagny, yslam häkimiýete garşy käbir tankytlary edýämiş diýen myş-myşlar bar. Ýöne biz-ä bular ýaly zatlary göremzok. Bu ýurduň ýapyklygy bilen hem bagly däl, beýle zatlar düýbünden ýok. Sebäbi bu ugurda hakykatdan hem bir zatlar bolan bolsa, maglumat hökman syzlyp çykardy. Türkmenbaşy döwründe-de informasiýa käbir ýollar bilen çykarylýardy ahyryn.

Bilýäňizmi, boljak zat eýýäm boldy, muňa hem gutulgysyz bir ýagdaý hökmünde garamaly.

Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine hem nazar aýlasaňyz, ol ýerlerde-de demokratiýa tarap özgerişlikleriň bolandygyny aýtmak kyn. Elbetde, Gyrgyzystanyň regiondaky döwletlerden tapawutly ýeri köp, munuň özi aýratyn bir ýagdaý. Garaz, jemläp aýtsam, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýy sebitdäki dörän umumy ýagdaýlara gabat gelýär.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy yslam hakda hem durup geçdiňiz. Siz ýurtdaky alnyp barylýan syýasata yslam tarapyndan nähilidir bir täsiriň bolmagy üçin mümkinçilik görýärsiňizmi?

Alekseý Malaşenko: Ýok, göremok. Häzirlikçe men beýle mümkinçiligi göremok. Ýöne, meniň pikirimçe, ýurtda yslam baradaky maglumatlar gitdigiçe artýar. Bu beýleki ýurtlar, hatda Gazagystan bilen hem deňeşdirilende juda haýal depginler bilen barýar.

Merkezi Aziýa sebiti barada gürrüň edilende, “durnuklylyk”, meniňçe, “durgunlylyk” diýen manyny berýär.
Alekseý Malaşenko
Üstesine-de, yslam Türkmenistanda elmydama-da syýasalaşdyrylypdy. Yslamyň oppozisiýa däl, hatda dissident bir hereket hökmünde hem orta çykmagy üçin belli bir wagt we tejribe gerek. Munuň üstesine, elbetde, ýurduň daşyndan hem yslamy bir täsir gerek.

Meniň bulary hökmany bolaýmaly ýagdaýlar hökmünde häsiýetlendiresim gelenok. Emma, Sowet Soýuzy dargandan soň, onuň düzümindäki musulman respublikalarda ýaňky agzap geçen ýagdaýlarym ýüz beripdi.

Garaz, men Türkmenistanda din syýasata garşy çykar öýdüp çaklamok. Sebäbi ýurt tire-taýpalara bölünen, milli däp-dessurlara berk esaslanýan bir jemgyýetden düzülen.

Azatlyk Radiosy: Siz yslamyň beýleki döwletler bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda has pes täsiriniň bardygyny bellediňiz. Munuň sebäbi nämede?

Alekseý Malaşenko: Muňa aram yslam diýilýär. Taryh boýunça aram yslam ähli döwletlerde-de passiw bir häsiýete eýedi. Ol diniň däp-dessur, maşgala gurluşy ýaly taraplaryna has köp gönükdirlendi. Aram yslam hiç haçan syýasata goşulmandy.

Eger-de Türkmenistanyň deňziň aňyrsyndaky goňşularyna, ýagny Demirgazyk kawkaz döwletlerine seredilse-de, onda biri-birine çalym edýän ýagdaýlary synlamak bolýar. Ol ýerde hem belli bir derejede syýasylaşdyrylan, aram yslam bardy. Emma soňundan syýasy ýagdaý üýtgedi. Daşardan käbir güýçleriň gelmegi bilen sebitdäki aram yslam syýasata goşulyp başlady. Bolmasa, regiondaky yslamyň sopuçylyk akymy hiç haçan syýasata goşulmandy.

Şunlukda Türkmenistadaky häzirki aram, däp-dessurlara esaslanýan yslamyň elmydama saklanyp galjakdygyny aýdyp bolmaýar. Bu etnek ýene-de köp wagt dowam eder. Ýöne, meniň pikirimçe, uzagyndan ýagdaýlaryň üýtgemegi mümkin. Munuň haçan boljakdygy barada bir zat aýtmak kyn.

Mundan başga-da men Ýakyn Gündogar faktoryny hem ünsden düşürmezdim. Men muny “soňa galdyrylan täsir” diýip atlandyrýaryn. Sebäbi häzir ol ýerdäki yslamçylaryň üstünliginiň nähili hem bolsa bir görünşde Merkezi Aziýa sebitine täsirini ýetirmegi mümkin. Sebäbi Täjigistana we Özbegistana Demirgazyk Afrikada bolup geçen ýagdaýlar özüniň täsirini ýetirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaýradan brifingiňizde türkmen jemgyýetiniň köpçülikleýin protestlere taýýar däldigini belleýärsiňiz. Bu barada anygrak gürrüň beräýseňiz?

Alekseý Malaşenko: Ilki bilen ýurtda protest geçirmek tejribesi, düzgüni ýok. Türkmenistandaky dymyşlyk ýagdaý, beýleki postsowet ýurtlary bilen deňeşdirilende, has gowy göze ilýär. Postsowet giňişliginde, umuman alanyňda, protest düşünjesi gaty gowşak. Şonuň üçin Türkmenistany has gözilginç bir ýagdaý hökmünde suratlandyrasym gelenok.

Meniň pikirimçe, jemgyýetiň özi protest diýilän çäreleri geçirmäge taýýar däl. Olar şygarlary gygyryp, köçelere çykmaly diýen zady asla akyllaryna-da getirip bilenoklar. Galyberse-de, hökmany belläp geçmeli ýagdaýlar bar. Olaryň biri hem Sowet döwründe ornaşdyrylan gorky. Şol wagtlar Merkezi Aziýa ýurtlarynda dissident dagy asla ýok diýen ýalydy.

Sowet Soýuzy dargandan soň ýurduň başyna Saparmyrat Nyýazow geldi. Ýagny, diýjek bolýanym, bu aralykda erkinligiň howasy hiç öwüsmändi. Beýleki döwetlerde, şol sanda Özbegistanda we Gazagystanda bu ýagdaýlara şaýat bolnupdy. Emma Türkmenistanda ähli zat juda çaltlyk bilen amala aşyryldy. Ol gelip, dessine ähli zady we kişini mynjyratdy. Bu zatlary nazara alanymyzda, protestiň bolup biljekdigini entek-entekler aýtmak kyn.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistandaky tire-taýpa bölünişigine hem ünsi çekýäňiz. Munuň syýasasta nähilidir bir täsiri bolup bilermi?

Alekseý Malaşenko: Bilýäňizmi bu tire-taýpa bölünişigi juda durnukly, berk ýagdaýda. Muny üýtgetmek üçin köp, şol sanda ykdysady ýagdýlary, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça işler amala aşyrylmaly. Häzirlikçe bu ugurdaky tagallalar juda haýal alnyp barylýar. Onsoň tire-taýpa gatnaşyklaryny ähli ýerde, şäherde, etrapdyr obalarda görmek bolýar. Aslyýetinde Türkmenbaşy bular ýaly gatnaşyklary arşa-da göteripdi. Ol tire-taýpalary özüçe dolandyran bolup, olary bölýärdi.

Bu özboluşly durnuklylygy döredýärdi. Emma Merkezi Aziýa sebiti barada gürrüň edilende, “durnuklylyk”, meniňçe, “durgunlylyk” diýen manyny berýär. Ýerli halk welin, şeýle görnüşde-de bolsa bolsa, durnuklylygyň bolmagyny isleýär. Olar Ýakyn Gündogardaky rewolýusiýalary synlap, netije çykarýarlar. Ýagny, adamlar birek-biregi atýar, tanklar, ýaraglar we şuňa meňzeş zatlar...

Munuň üstesine-de, olar Täjigistandaky graždan urşuny, Gyrgyzystanyň Oş sebitindäki aýylgançylyklary ýatlaýarlar. Onsoň, “beterinden saklasyn” diýen pelsepeden ugur alyp, adamlar durnuklylygy saýlaýarlar.

Bu etnek sowet döwründen gelýän bir tejribe. Ýadyňyzda bolsa, şol döwürler “uruş bir bolmasyn” diýip, köp zada kaýyl bolardylar. Garaşsyzlyk döwründe hem “siz näme goňşulardaky ýaly ýagdaýlary islerýärsiňizmi? Täjigistanda uruş gidýär, Azerbaýjan bilen Ermenistan özara söweşýär, Gyrgyzystanda tolgunşyklar bolýar... Bular bize nämä gerek? Biziň häzirki ýaşaýşymyz has gowy! Ýüzlerçe ýyl ýaşadyk, indi hem dowam edibereli...” diýen ýaly pikirleri eşitmek bolýar.

Bular ýaly ”durnuklylygyň” netijesinde hem şu ýagdaýlar döreýär, ýagny adamlar indi hiç hili üýtgeşmeleri, reformalary islänoklar. Islendik, goý, syýasy ýa-da ykdysady reforma bolsun, onda hökmany utan we utulan tarap bolaýmaly. Geçirilýän düýpli reformalarda hökmany ejir çekýän tarap bolýar. Bu ähli ýerde şeýle.

Başga bir tarapdan “biziň garnymyz dok. Reformalar nämämize gerek? Hawa ýagdaýlar erbet, ýöne has hem erbet bolup biler...” diýen düşünjeleri hem eşitmek bolýar.

Azatlyk Radiosy: Siz durnuklylyk barada söz açdyňyz. Biziň Türkmenistanyň durmuşy bilen bagly gozgaýan jemgyýetçilik we syýasy meselelerimize gelýän teswirleri, umuman, iki topara bölüp bolýar. Bir tarapdan bar bolan kynçylyklary düzetmek üçin hökümet belli bir işleri etmeli, ikinji bir tarapdan bolsa, halk öz haklaryny talap etmeli diýen garaýyşlar orta atylýar. Siz bular barada näme aýdyp bilersiňiz?

Alekseý Malaşenko: “Ýokarkylar islänok, aşakylar hem hiç zady edip bilenok” manydaky aýdan sözlemiňiz, bu eýýäm adaty ulanylýan düşünjä öwrüldi diýilse bolar. Türkmenistanda özgerişlikler prosesi näme üçin şeýle uzaga çekdi?

Birinji bilen, häkimiýetiň başyndakylar halkyň eýýäm beýle ýaşamak islemeýändigine düşünmeli. Ýöne, haçanda resmiler adamlaryň häzirki şertlerde ýaşap bilýändigini göreninde, ähli zat düýpgöter üýtgeýär.

“Biz – häkimiýet. Biz – güýç. Ähli köşkdür ymaratlar, mal-mülk biziňki...” äheňdäki ýagdaýlar adaty adamlary aladalandyrmaýan bolsa, onda ýagdaýlary üýtgetmäge zerurlyk ýok diýen netije gelip çykýar.

Başga bir tarapdan ýurduň başyna ähli zady döwrebaplaşdyrmak, üýtgetmek isleýän täzelikçiniň geçmegi mümkin. Men bir stomatolagy däl, sözüň doly manysyndaky täzelikçini – reformaçyny göz öňünde tutýaryn.

Emma onuň ýurdy ösdürmek boýunça alyp barýan syýasaty, reformalary halk tarapyndan goldanman-da biler. Adamlaryň arasynda “Aý, bolupsyň-da ýolbaşçy, nämä howsala düşen bolýaň? Şu zatlar nämä gerek?” diýen ýaly sowallara-da duşmak bolýar. Bir zada düşüniň, adamlar belli bir derejede özgerişliklerden çekinýärler. Onsoň hiç zadyň üýtgemegini islemeýän resmiler-de bu “reformaça” garşy çykarlar.

Men şu jähtden ýoluň uzak boljakdygyny aýtdym. Wagt bilen ähli zat biri-biri bilen utgaşyp gelmeli. Ýöne ýagdaýlaryň özgerdilmegi baradaky pikirler bu ýakynda peýda bolmazmyka diýip çaklaýaryn.
XS
SM
MD
LG