Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Kandidatlar daşary syýasat üstünde çekişdi


Prezident Barak Obama bilen onuň respublikan bäsdeşi Mit Romni Ysraýyly goramagy we Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmeginiň öňüni almagy wada berdi.

Iki kandidat özleriniň duşenbe güni giçlik guralan üçünji we soňky çekişmelerinde daşary syýasat meseleleri üstünde çekişdi.

Birleşen Ştatlaryň prezident saýlawlary 6-njy noýabrda geçirilýär.

Floridada geçirilen 90 minutlyk ýüzbe-ýüz çekişmede Obama Romininiň baş harby serkerdelige taýýar däldigini subut etmäge synansa, Romni Obamanyň baştutanlygynyň Amerikany dünýä sahnasynda gowşak hala salandygyny aýtdy.

Kandidatlaryň ikisi-de 2014-nji ýylda Owganystandaky daşary ýurt goşunlaryny çykarmak planyny dowam etdirmelidigini aýtdy we Amerikanyň Pakistan bilen gatnaşyklarynyň howsalaly ýagdaýdadygyny boýun aldy.

Bu çekişme pikir soraşmalaryň köpüsiniň iki kandidatyň hem 47 prosent çemesi goldawynyň bardygyny görkezýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG