Sepleriň elýeterliligi

Bütindünýä banky: Gürjüstan biznes üçin iň aňsat ýurtlaryň onlugyna girýär


Bütindünýä banky Gürjüstanyň indi dünýäde telekeçilik etmek üçin iň aňsat ýurtlaryň onlugyna girýändigini aýdýar.

Bütindünýä bankynyň biznes üçin amatly düzgünleri ýola goýan ýurtlar baradaky täze sanawynda Gürjüstan 9-njy orunda dur.

Bu düzgünler adamlaryň kompaniýany hasaba aldyrmak, emlägi hasaba aldyrmak, salgyt tölemek we şertnamalary işletmek mümkinçilikleriniň ýeňilleşdirilmegini öz içine alýar.

Gürjüstandan soňky orunda Awstraliýa dur. Bu sanawyň başynda Singapur, Hoň-Koň, Nýu Zelandiýa, Birleşen Ştatlar, Daniýa, Norwegiýa, Britaniýa we Günorta Koreýa dur.
XS
SM
MD
LG