Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Interwýu: NATO-nyň başlygy owgan howpsuzlygy barada


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen Kabula saparynyň dowamynda, 18-nji oktýabr, 2012.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen Kabula saparynyň dowamynda, 18-nji oktýabr, 2012.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň habarçysy Soltan Sarwara duşenbe güni beren interwýusynda Owganystanyň 2014-nji ýyldan soň ýüzbe-ýüz boljak kynçylyklary we NATO-nyň halkara güýçleriniň ýurtdan çykarylmagy bilen baglylykda Kabula berilýän ýardam barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Siz, ýakynda Kabula eden saparyňyzyň dowamynda owgan hökümetine harby taýdan uzak möhletleýin ýardam beriljegini aýtdyňyz. Şeýle ýardam howadan goranyş sistemalary we uçarlary öz içine alýarmy?

Anders Fog Rasmussen: NATO-nyň geňeşi we hyzmatdaş ýurtlarynyň ençemesi Kabula sapar edip, 2014-nji ýyldan soňam Owganystan babatynda örän jogapkärçilikli çemeleşiljegini mälim etdiler. Biziň maksadymyz Owganystanyň howpsuzlyk goşunlarynyň 2014-nji ýylyň aýagyna çenli ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmek jogapkärçiligini doly berjaý etmäge ukyply bolmagyny gazanmakdyr. Käbir ýaranlar owgan goşunlaryny harby enjamlar bilen özbaşdak hem üpjün edýärler.

Azatlyk Radiosy: Köp owganlar NATO-nyň goşunlarynyň 2014-nji ýylda Owganystany terk etmeginden soň, talyplaryň Pakistanda gizlenýän ýerlerinden çykyp, Owganystany ýene-de basyp almagyndan howatyrlanýarlar. Ekstremistleriň Päkistandaky gaçybatalgalary bilen bagly köpden bäri dowam edýän problema babatynda siz nähili çäre görýärsiňiz?

Anders Fog Rasmussen: Ilkibaşda, biziň Halkara howpsuzlygyna ýardam beriji (ISAF) güýçlerimiziň missiýasy 2014-nji ýylda gutaranda, owgan howpsuzlyk güýçleriniň 352 müň harbydan ybarat güýçli goşuny bolar. Bu örän güýçli owgan goşuny tutuş Owganystanyň howpsuzlygyna jogapkär bolup biler. Bu birinjiden. Ikinjiden, Pakistanda terrorçylar üçin howpsuz ýerleriň bardygyna degişli problemanyň dowam edýändigini boýun alýaryn. Olar Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhetde ýerleşýärler. Biz Pakistanyň hökümetini we Pakistanyň harbylaryny serhetdeş regionlarda terrorçylara we ekstremistlere garşy söweşleri güýçlendirmäge ündeýäris.

Azatlyk Radiosy: Siz “Al-Kaýdanyň” Pakistandaky liderleriniň global howpsuzlyga döredýän howpy näderejede uly diýip pikir edýärsiňiz?

Anders Fog Rasmussen: Biz “Al Kaýdanyň” liderleriniň soňky ýyllarda örän gowşandygyny bilýäris. Halkara terrorçylygynyň howpy we terrorçylaryň oýjükleri entegem bar. Emma “Al-Kaýdanyň” hereketleri soňky ýyllarda örän gowşady.

Azatlyk Radiosy: Siz NATO-nyň Baş sekretary hökmünde soňky üç ýylyň dowamynda "Taliban" bilen parahatçylykly gepleşikleri alyp barmakçy bolduňyzmy?

Anders Fog Rasmussen: Ýok, şeýle syýasy gepleşiklere gatmaşmak NATO-nyň wezipesi däl. Biz syýasy prosesleriň, barlyşyk prosesiniň owganlaryň ýolbaşçylygynda alnyp barylmalydygyny başda açyk aýdypdyk. Başgaça aýdylanda, muny häkimiýet başyndaky owgan hökümeti etmeli. Meniň pikirimçe, diňe takyk şertler ýerine ýetirilen ýagdaýda syýasy proses manyly bolup biler. Birinjiden, bu proses owganlaryň ýolbaşçylygynda amala aşyrylmaly. Barlyşyga gelmek isleýän adamlar we toparlar owgan konstitusiýasyna doly hormat goýmaly, şol sanda ynsan hukuklaryny we aýallaryň hak-hukuklaryny berjaý etmeli. Üstesine, şeýle toparlar zorlugy yazgarmaly we terrorçylykly toparlar bilen gatnaşyklary çäklendirmeli. Eger bu talaplar ýerine ýetirilse, syýasy prosesiň konstruktiw netije bermegine garaşmaga esas bar, diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: 2014-nji ýyldan soňky döwürde haýsy maksatnamalaryň başa barjagyna umyt baglaýarsyňyz?

Anders Fog Rasmussen: Ilkinji we esasy zat, owgan güýçleriniň tutuş Owganystanyň howpsuzlygyna jogapkärçiligi doly ýerine ýetirmeklerinden we ýurduň terrorçylar üçin amatly bir zolaga öwrülmeginiň öňüni almagy başarmaklaryndan ybarat. Bu, elbetde, ilkinji we iň möhüm maksat. Ikinjiden, bu biziň missiýamyz däl, emma men Owganystanyň dolandyrylyşynyň has ösen derejede ýerine ýetirilmegini isleýärin. Meniň pikirimçe, korrupsiýa garşy göreşmek, milli we regional hökümetleriň owgan halkyny esasy zerurlyklar bilen üpjün etmekleri orän möhüm. Meniň esasy maksatlarym şundan ybarat.
XS
SM
MD
LG