Sepleriň elýeterliligi

Muaý Taý – Adamdan ýarag


Muaý Taý ýaryşy. Tailand. 2012 ý.

Muaý Taý ýaryşy. Tailand. 2012 ý.

Asly Tailandly 30 ýaşlaryndaky Komsan öz ýurdunyň milli sazynyň ritmine girip, Ram Muaý tansyny ýerine ýetirýär. Ol sazyň äheňine görä, elleri we aýaklary bilen sazlaşykly hereketleri edip, şol bir wagtyň özünde-de içinden ýörite dogalary okap, beýnisinde aýlanýan ähli pikirleri durzup, aýratyn bir hala girmäge synanyşýar.

Komsan 5-6 minuda çekýän bu prosedurany her türgenleşigiň öňünden hökmany ýagdaýda amala aşyrýar. Ol eýýäm 20 ýyla golaý wagt bäri, häzir dünýäniň iň gazaply we zamun söweş tärleriniň biri hasaplanýan Muaý Taý, ýa-da Taý boksy boýunça tälim berýär.

Tailanda dörän we 2 müň ýyla golaý taryhy bolan Muaý Taý soňky döwürde has-da uly meşhurlyga eýe bolup başlady. Hereketleriniň sada bolup görünmegine garamazdan, Taý boksy boýunça resmi taýdan gurnalýan ýaryşlarda, her ýyl ençeme adam ýeten şikeslerden gös-göni ringde jan berýär. Taý boksunyň urgularynyň kuwwaty sebäpli, oňa “Adamdan ýarag” diýen resmi bolmadyk at hem berilýär.

Şol bir wagtyň özünde garyşyk söweş tärleri, ýagny gysgaça MMA diýlip atlandyrylýan ýaryşlarda çykyş edýän sportsmenleriň-de aglabasy bu söweş tärini özüniň gündelik türgenleşiklerine girizýärler. Eýsem, Taý boksunyň uly meşhurlygyna we ondaky ölüm we şikes almak derejesiniň ýokary bolmagyna näme sebäp bolýar?

Muaý Taý tälimçisi Komsan Phiphitsala

Muaý Taý tälimçisi Komsan Phiphitsala

100-e golaý professional urşy başdan geçiren, Tailandyň iň abraýly stadionlary hasaplanýan Lumpinide we Ratçadamnoende çykyş eden we 2003-nji ýylda Pataýanyň Thepasit stadionynyň çempiony bolan Komsan Phiphitsala muny Muaý Taýyň sadalygy we täsirliligi bilen düşündirýär.

Ol: “Muaý Taýyň beýleki sport tärlerinden tapawutly ýeri, onda çylşyrymly hereketler az. Ähli urgular we amallar ýüzlerçe ýylyň dowamynda täsirlilik synagyndan geçirlip sazlanan. Üstesine-de, Taý boksunda aglaba tirsekler we dyzlar ulanylýar. Bu hem onuň şikes ýetiriji täsirini telim esse ýokarlandyrýar” diýip belleýär.

"Agyryňa döz gelmeli”

Komsanyň nygtaýşy ýaly, Muaý Taýda tirsekler we dyzlar esasy orny eýeleýär. Tejribeli urşujynyň bellemegine görä, haçan-da bedeniň bu bölekleri bilen urgy edilende, ol elmydama diýen ýaly garşydaşlara uly şikes ýetirýär, köp halalatlarda-da güýçli urgulara çydaman adamyň süňki döwülýär.


Bu aralykda Komsanyň türgenleşik geçirýän zalynda günde-günaşa diýen ýaly sportsmenler sagatlaryň dowamynda boks haltalarynda özleriniň urgy tilsimlerini kämilleşdirýärler. Şol bir wagtyň özünde tälimçi şägirtleriniň nalyşlaryna garamazdan, olaryň bedenlerini güýçli urga tutýar.

Komsan diňe Taý boksunda däl, islendik söweş tärinde hem esasy zadyň agyryňa döz gelmekdigini aýdýar: “Möhüm zat – maňa şikes ýeter diýen gorkudan dynmaly, ol gorkyny öldürmeli. Eger-de ‘bir zat bolaýmasyn’ diýip çekinseňiz, onda aljyraňňylyk sizi basar”.

Türgenleşik zalynda taýýarlygy dürli derejedäki, dürli ýaşdaky adamlary synlamak bolýar. Bir tarapdan, hyjuwly ýetginjekler, tejribeli urşujylar bolsa, beýleki bir tarapdan, eýýäm orta ýaşdan aňyrdaky adamlary hem synlamak bolýar.

Biznes ylymlary boýunça doktor Pietro Andrea 2 ýyl çemesi wagt bäri Muaý Taý bilen meşgullanýar.

Biznes ylymlary boýunça doktor Pietro Andrea 2 ýyl çemesi wagt bäri Muaý Taý bilen meşgullanýar.

Olaryň biri-de 40 ýaşyndaky asly italiýaly, biznes ylymlary boýunça doktor Pietro Andreadyr. Onuň Muaý Taý bilen meşgullanyp başlanyna iki ýyl çemesi wagt bolsa-da, ol eýýam esasy urgulary we tislimleri özleşdirendigini aýdýar.

Andrea Taý boksy bilen meşgullanmak üçin özüňe ýaş araçagini goýmaly däldigini, esasy zat höwes bolsa, “alynmajak galanyň” ýokdugyny belleýär.

Ol Muaý Taý bilen türgenleşip başlandan soň özünde bolan üýtgeşmeler barada şeýle gürrüň berýär: “Munuň maňa esasy beren zatlarynyň biri-de erkdir. Eger-de türgenleşiklerden netije gazanjak bolsaň, sen özüňi alkogol içgilerinden, çilimden, garaz, saglyga zyýanly beýleki zatlardan saklamaly bolýaň. Elbetde, türgenleşikleriň beden üçin hem gaty oňaýly täsirleri bar”.

Fotogalereýa: Muaý Taý boýunça ýaş urşujylar Tailandyň Buriram welaýatynda öz aralarynda güýç synanyşýarlar.


Andrea türgenleşiklerde edinen tejribesiniň diňe bir bedenine täsir etmän, onuň ruhy dünýäsini hem üýtgedendigini aýdýar. Onuň nygtamagyna görä, ol özüni indi has deňagramly, ynamly duýup başlapdyr.

Tälimçi Komsaý-da güýjüni gaýgyrman, “der döküp” türgenleşýän adamlaryň gitdigiçe ruhy dünýäsiniň kämilleşýändigini, belli bir derejä ýetenlerinde hem meseläniň “gyzyl ýumruk”, dawa-jenjel bilen çözülmän, eýsem paýhas bilen çözülmelidigine düşünýändiklerini aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de tailandly tälimçi, ýeri gelende sütem edýäne degişli “jogabyň” hem berilmelidigini nygtap, öz şägirtleti bilen türgenleşiklerini dowam edýär.
XS
SM
MD
LG