Sepleriň elýeterliligi

Ýitirim bolan gürji resmileri


Gürjüstanyň goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýitirim bolan Dmitriý Şaşkin. 2012 ý.

Gürjüstanyň goranmak ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýitirim bolan Dmitriý Şaşkin. 2012 ý.

Gürjüstanda syýasy häkimýetiň taryhy we parahatçylykly çalşygy bolup geçýän häzirki döwürde öňki hökümetde eýelän wezipelerinden çekilen käbir resmiler ýagdaýyň nähili tamamlanjagyna garaşyp oturmak islemeýäne meňzeýär.

Gürjüstanda 1-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda "Gürji arzuwy" koalisiýasynyň lideri, milliarder Bidzina Iwanişwili ýeňiş gazanandan soň, prezident Mihail Saakaşwiliniň "Birleşen milli hereket” partiýasynyň we hökümetiniň öňki resmileriniň, täze hökümetiň olardan öç almagyndan heder edip, ýurdy terk edýänleriniň sany barha artýar.

Saýlawyň netijeleri yglan edilenden bäri häkimiýet başyndaka ýitirim bolanlaryň arasynda adalat ministri Zurab Adeişwili, goranmak ministri Dmitriý Şaşkin we ýakynda ýaýradylan türme gynamalary baradaky ýazgynyň yz ýany bilen wezipesinden çekilen içeri işler ministri Baço Ahalaýa dagylar bar.

Şeýle hem ýitirim bolanlaryň arasynda Baço Ahalaýanyň erkek dogany, öňki goranmak ministriniň orunbasary Data Ahalaýa, türme gynamalary baradaky galmagalyň yz ýany bilen wezipesinden çekilen öňki düzedişler we kanuny ýardam ministri Hatuna Kalmahelidze we Gürjüstanyň ählumumy demir ýol ulgamynyň müdiri general Irakli Ezugbaia dagylar hem bar.

"Birleşen milli hereketiň" öňki deputaty Giwi Targamadzeniň, şeýle-de milli parlamentiň düzümindäki Goranmak we milli howpsuzlyk kommitetiniň öňki başlygynyň hem şu aýyň başynda Gürjüstany terk edendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň gürji gullugynyň habarçylaryna, agzalýan dolandyryjylaryň edaralaryndan berlen maglumata görä, olar resmi dynç alşa çykypdyrlar. Emma olaryň nirededigi ýa-da haçan işe dolanjakdyklary barada hiç hili maglumat alyp bolmady.

Goranmak ministrliginiň sözçüsi Nino Potržebskaýa Şaşkiniň iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gidendigini, ýöne häzir onuň nirededigi ýa-da haçan yzyna dolanjakdygy barada hiç zat bilmeýändigini aýtdy. Ne Saakaşwili, ne-de häzirki premýer-ministr Wano Merabişwili şu wagta çenli ýitirim bolan dolandyryjylar barada dil ýardylar.

Derňewiň geçirilmegine çagyryş edilýär

Häzirki hökümetiň, täze hökümet häkimiýet başyna geçýänçä öz işini dowam etdirjekdigini aýtmagyna garamazdan, ministrleriň ählisi saýlawlaryň yz ýany bilen wezipelerinden çekildiler.

Hökümet çalşygynyň kadaly ýagdaýda amala aşyrylmagy üçin iki tarapyň hem alyp barýan tagallalaryna garamazdan, "Gürji arzuwy" koalisiýasynyň liderleri Sakaşwiliniň hökümetiniň düzümindäki, atlary halk köpçüligine aýan edilmändigi aýdylýan, käbir adamlar barada derňew geçirilmegine çagyrdylar.

Tbiliside ýerleşýän "Ilki bilen ynsan hukuklary" atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň aklawçysy Lia Mukhaşawria diňe ýurdy terk etmegiň bikanun zat däldigini, myş-myşlaryň tolkunyna garamazdan, ýitirim bolan dolandyryjylar barada islendik derňewiň takyk aýyplamalara esaslanmagynyň zerurdygyny aýdýar.

Ol: "Derňewler başladylmaly. Eger şol derňewler takyk faktlara esaslanýan bolsa, onda şol faktlar haýsy adamlaryň bu işe dahyllydygyny anyklaşdyrar. Eger derňewler diňe bir şahsyň, ýagny ýokary derejeli dolandyryjynyň garşysyna bolsa, onuň amala aşyrylmagy üçin, elbetde, ol adam wezipesinden boşadylmaly. Şu wagt bizde näme bar, diňe kanuny proseduralara esas bolup bilmeýän myş-myşlar bar" diýdi.

Hökümetiň üç şahasyndan ýüzlerçe ýokary derejeli dolandyryjylar wezipelerinden boşadylandan soň, Saakaşwili 15-nji oktýabrda, olaryň 1 ýyla çenli öz diplomatik pasportlaryny saklamagyna rugsat berýän permana gol goýdy.

Şol perman parlamentiň deputatlaryny, Ýokary suduň we Konstitusion suduň agzalaryny, premýer-ministri we hökümetiň ministrlerini, milli bankyň başlygyny, Tbilisiniň häkimini, prezident apparatynyň, hökümetiň we kanun çykaryjy organlaryň ýokary derejeli resmilerini öz içine alýar.

Ondan başga-da, şol permana görä, Saakaşwili we onuň aýaly ömürleriniň ahyryna çenli diplomatik pasportlaryndan peýdalanyp bilerler.
XS
SM
MD
LG