Hamasyň ýolbaşçylygyndaky Gaza zolagyna sapar eden Kataryň emiri bu ýerde gahryman hökmünde garşy alyndy.
2007-nji ýylda Gaza sektory yslamçy toparyň gözegçiligine geçensoň, döwlet baştutany derejesindäki ýolbaşçy bu ýere ilkinji gezek sapar etdi.
Sişenbe günki saparynyň dowamynda şeýh Hamad bin Halifa al-Thani Gazanyň premýer-ministri Ismail Haniyah tarapyndan hormat garawuly bilen garşy alyndy.
Munuň yzýany Haniyah nebte baý ýurduň başda 254 million dollar, diýip kesgitlenen maýa goýumlarynyň mukdaryny 400 million dollara çenli artdyranlygyny yglan etdi. Bu pul palestin territoriýasynda amala aşyryljak gurluşyk proýektleri üçin niýetlenýär.
Şeýle-de Haniýah şeýh Hamadyň Gaza zolagyna eden bu saparynyň Ysraýylyň gabawynyň böwsülmeginiň alamaty bolandygyny belledi.
Palestin gapmagarşylygy
Ysraýyl Birleşen Ştatlaryň ýarany bolan emirligiň Hamas we Günbatar tarapyndan goldanýan palestin häkimiýetleriniň arasyndaky gapmagarşylyklarda tarap eýelemegine geň galma bildirdi.
Günbatar kenary dolandyrýan prezident Mahmud Abbasyň ýolbaşçylygyndaky palestin häkimiýetleri şeýh Hamadyň Gaza eden saparynyň palestinanyň bütewligi ugurynda edilýän tagallalara zeper ýetirmejegine umyt bagladylar.
Hamas 2006-njy ýylda bolan saýlawlarda ýeňiş gazandy we 2007-nji ýylda Abbasyň ýolbaşçylygyndaky Fatah hereketi bilen çaknyşyklardan soň Gaza sektoryny oz gözegçiligine aldy.
Günbatar ýurtlary Hamasyň zorlukdan el çekmekden we Ysraýyly ykrar etmekden boýun gaçyrýandygy sebäpli, ony terrorçy gurama atlandyrdylar.
Sişenbe güni irden Gaza bilen serhetde bolan partlamada ysraýylly esger agyr ýaralandy, Ysraýyl “berk gaýtargy” berjegini duýdurdy.
Ýaranlar
Şeýle-de şeýh Hamadyň sapary Siriýadaky konfliktiň dowam edýan döwrüne gabat geldi. Siriýa Eýran bilen bilelikde uzak wagt bäri Hamasyň ýarany bolup durýar.
Patyşa bolup ýurduny dolandyrýan we öz häkimiýetini elden bermek islemeýän Kataryň ýolbaşçysy arap ýurtlaryndaky köpçülikleýin syýasy öwrülişikleri goldap gelýär. Şeýle-de ol Siriýada prezident Başar al-Assadyň režimine garşy çykyş edýan oppozisiýa-da goldaw berýär.