Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurban baýramy resmi çäreler bilen utgaşdyrylar


Gurban baýramy mynasybetli Parahat mikroraýonyndaky hiňňilliklerde geçirilýän çärelere öz islegi bilen barýan adamlar hem az däl.
Gurban baýramy mynasybetli Parahat mikroraýonyndaky hiňňilliklerde geçirilýän çärelere öz islegi bilen barýan adamlar hem az däl.
Türkmenbaşy şäherinde 23-nji oktýabrda geçirilen ýaşulular maslahatynda ýurtda Gurban baýramynyň bellenjek günleri 26, 27, 28-nji oktýabr hökmünde yglan edildi. Ýaşulular maslahatyndan bu habara garaşan türkmenistanlylar az bolmasa gerek. Ýurtda Gurban baýramy giňden bellenilýär.

Käbir resmiler Gurban baýramynyň ýurduň Garaşsyzlyk gününe gabat gelmegi bilen ýurtda baýramçylyklaryň goşa gelýändigi hem-de onuň aýratyn manysynyň bardygyny aýdýarlar. Emma onuň Garaşsyzlyk baýramyna gabat gelmegi ilaty o diýen begendirip barmaýana meňzeýär.

"Ylaýtada bu ýagdaý döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerini, okuw jaýlarynyň okuwçylarynydyr studentlerini begendirmese gerek. Olar Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur bolarlar. Gurban baýramyny maşgalalarynyň, garyndaşlarynyň we dost-ýarlarynyň arasynda bellemäge mümkinçilikleri bolmaz" diýip, ýokary okuw jaýynyň mugallymy 33 ýaşly Aman aýdýar.

Sanawy çap edildi

Onuň aýdýanlary bilen ylalaşmazça-da däl. Sentýabr aýynyň ahyrynda çap edilen resmi maglumatlara görä, 26-28-nji oktýabr aralaygynda 11 sany köpçülikleýin çäreleri geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Bu çärelere bolsa döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri we okuw jaýlarynyň okuwçylary we studentleri gatnaşmaly. Olar häzirki wagtda şol çäreleriň käbirlerine gatnaşmak üçin “marşirowkalary” geçýärler.

Aýdylşyna görä, şol günler geçiriljek çäreler diňe bir resmi metbugatda çap edilen sanawdaky çäreler bilen çäklendirilmez. Bu çäreleriň käbirlerine bolsa prezidentiň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Ýurt baştutanynyň gatnaşmagyndaky geçirilýän çäreleriň bolsa birnäçe sagat dowam edýändigini döwlet edarasynda işleýän 32 ýaşly Meýlis aýdýar.

"Adatça prezidentiň gatnaşmagyndaky çäreleriň geçirilýän ýerine birnäçe sagat öňünden barmaly. Soň çäre gutarýança ýene-de garaşmaly bolýar. Şonuň üçin Gurban baýramy dogan-garyndaşlarymyzyňka aýlanyp bilmeris" diýip, Meýlis aýdýar.

Gurban baýramyna maşgala, garyndaşlyk we adamlaryň birek-biregi bilen bolan gatnaşyklaryny berkidýän baýramçylyk hökmünde garalýar. Gurban baýramynyň bellenýän günleri adamlar dogan-garyndaşlarynyň, goňşy-golamlarynyň öýlerine baryp, Gurban baýramy bilen gutlap, desterhanlarda goýlan tagamlary dadyp gaýdýarlar. Emma köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur ediljek adamlar baýramçylygyň bu hezilliklerinden mahrum bolarlar.

Syýasy äheň

Soňky döwür Gurban baýramçylygyň geçirilmegine döwletiň gatyşmagy bilen bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän resmi çärelerde hem beýleki köpçülikleýin çäreleriň alamatlary duýulýar. Käbir raýatlar adamlaryň çärelere mejbury gatnaşdyrylyp, hiňňillikleriň käbirleriniň golaýynda prezidenti mahabatlandyrýan aýdymlaryň aýtdyrylmagy ýaly ýagdaýlaryň bu baýramçylyk çäreleriniň halkylygyny ýitirýändigini aýdýarlar.

Şu ýyl hem Gurban baýramy mynasybetli Aşgabadyň Parahat mikroraýonynda we Ylham seýilgähinde medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Gurban baýramy mynasybetli Parahat mikroraýonyndaky hiňňilliklerde geçirilýän çärelere öz islegi bilen barýan adamlar hem az däl. Emma, muňa garamazdan, bu çärä gatnaşýanlaryň arasynda hem köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur bolan ýokary okuw jaýlarynyň studentleri hem-de olaryň mugallymlary, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri köp.

"Şu baýramçylygy syýasylaşdyrman düzüw geçirseler, onda bu çärä gatnaşmaga adamlary mejbur etmegiň zerurlygy bolmazdy" diýip, ýokary okuw jaýynyň mugallymy Aman aýdýar.

23-nji oktýabrda geçirilen ýaşulular maslahatynda dynç güni bolan 28-nji oktýabr baýramçylyk gününe düşýänligi sebäpli, dynç güni 29-njy oktýabra süýşürildi. Şeýlelikde, adamlarda dört gün yzly-yzyna dynç almaga mümkinçilik döredi. Emma ilatyň köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga mejbur ediljek gatlagy üçin şol günler iş güni ýaly bolar. Olaryň şol günlerde etmeli işleri "Bagtyýarlyk eýýamyndaky" şadyýan köpçüligi döretmekden ybarat bolar.
XS
SM
MD
LG