Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli amnistiýa yglan edildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2 müňe golaý adamy türme tussaglygyndan azat etmek baradaky amnistiýa kararyna gol goýdy, diýip resmi metbugat habar berýär.

Döwlet telewideniýesinde amnistiýanyň “türkmen milletiniň däp-dessurlaryna, ata-babalardan galan mirasa we Garaşsyzlyk baýramynyň 21-nji ýyl dönümine gabatlanyp” geçirilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň ozalky baştutany Saparmyrat Nyýazow amnistiýany ýylda bir gezek – mukaddes Remezan baýramyna gabatlap yglan edýärdi. Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri, amnistiýany ýylda birnäçe gezek, aglaba milli baýramçylyklara gabatlap geçirýär.
XS
SM
MD
LG