Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Ýogalan tussagyň garyndaşlary çykarylan netijä protest bildirýär


Täjigistanda geçen aý türmede ýogalan tussagyň garyndaşlary onuň jesedinde geçirilen resmi barlagyň netijelerini sorag astyna goýýarlar.

Hamza Ikromzodanyň maşgala agzalary onuň jesedine gynamalaryň, şol sanda gyzgyn ütügiň yzlarynyň hem bardygyny belleýärler. Maşgala agzalarynyň çarşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, olar Baş prokuraturadan täzeden barlagyň geçirilmegini sorapdyrlar.

Ikromzodanyň maşgala agzalarynyň aklawçysynyň aýtmagyna laýyklykda, Baş prokuraturanyň sişenbe güni beren jogabynda, barlaglaryň netijesinde tussagyň özüni asyp öldürendigi aýan edilipdir.

Şu aýyň başlarynda Täjigistanyň adam hukuklary boýunça guramasy, türmede gümürtik ýagdaýlarda ýogalan Ikromzodanyň we başga-da alty tussagyň işlerini içginden derňemäge çagyryş edipdi.
XS
SM
MD
LG