Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystanda jynsy zorluklara garşy çykýan tussag keselhana ýerleşdirildi


Gazagystanda jynsy zorluga garşy çykýan tussaglykdaky bir aýal keselhana ýerleşdirildi. Bu barada ýurduň demirgazygyndaky Pawlodar regionynyň adam hukuklary boýunça guramasy maglumat berýär.

“Bikanunylyga garşy hereket” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň başlygy Ýelena Semýonowanyň aýtmagyna görä, 25 ýaşly Sabina Makhinina sakçylar tarapyndan ýenjilipdir.

Makhininanyň bu baradaky beýanaty duşenbe güni internetda peýda boldy. Beýanatda bellenişi ýaly, sakçylar ony zorluk bilen jynsy gatnaşyklara girmäge mejbur etjek bolupdyrlar. Muňa protest hökmünde ol 10-njy oktýabrda açlyk yglan edendigini aýdýar.

Ýerli zähmet düzediş koloniýasynyň resmisi Makhininanyň ýenjilip, keselhana ýerleşdirilendigini tassyklady. Makhinina neşe aýyplamalary esasynda alty ýyl türme tussaglygy berlipdi.
XS
SM
MD
LG