Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda altyn magdanynda gyrgyz we hytaý işçileri ýakalaşdy


Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Kemin regionyndaky altyn çykarýan magdanynda gyrgyz we hytaý işçileri öz aralarynda ýakalaşandan soň, Altynken magdanynyň işi wagtlaýynça togtadyldy.

Sişenbe güni dörän ýagdaýlardan soň, 250-ä golaý hytaý işçisi başga ýerä göçürildi.

Duşenbe güni 200-e golaý ýerli ýaşaýjysy Hytaýyň “Superb Pacific Limited” kärhanasynyň Orlowka şäherindäki baş edarasynyň öňüne ýygnanyp, çadyrlary dikipdi. Olar kärhananyň işiniň togtadylmagyny talap edýärler.

Mundan öň, ýekşenbe güni hem gyrgyz we hytaý işçileri öz aralarynda urşupdylar. “Superb Pacific Limited” kärhanasy altyn çykarýan magdanynyň infrastruktaryny kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barmaly. Bu ugurdaky tagallalar 2014-nji ýylda başlamaly.
XS
SM
MD
LG