Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Saud Arabystanynda Haj zyýaraty başlandy


Çarşenbe güni on müňlerçe musulman yslamyň mukaddes Mekke şäherinde Haj zyýaratyna başlady.

Olar Muhammet pygamberiň mundan 14 asyr ozal geçdi diýlip hasaplanýan ýoluny geçýärler. Pyýada we ulaglaryň kömegi bilen adamlar çarşenbe güni Mina şäherine ýetdiler. Ol Mekkeden 3 km. uzaklykda ýerleşýär.

Zyýaratçylar ol ýerde doga okap, dynjyny alyp, penşenbe güni hem Arafat dagyna çykarlar.

Şu ýylky Haj zyýaratyna 2 milliona golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG