Sepleriň elýeterliligi

Tajigül Begmedowa: Olar diri we tussaglykda saklanýarlar


"Günä geçişde syýasy tussaglaryň boşadylmagyna bu sapar hem umyt bildirilýär".

"Günä geçişde syýasy tussaglaryň boşadylmagyna bu sapar hem umyt bildirilýär".

Türkmenistanda nobatdaky günä geçiş yglan edildi. Resmi maglumatlara görä, şu sapar türme tussaglygyna höküm edilen bendiler garaşsyzlyk baýramçylygynyň 21-nji ýyldönümi mynasybetli boşadylýar. Resmi maglumatlarda kimiň boşadylýandygy we olaryň sany barada ýene-de habar berilmedi. Adatdakysy ýaly, bu sapar hem günä geçişde “syýasy” diýip atlandyrylýan tussaglaryň boşadylmagyna umyt bildirilýär. Şeýle tussaglaryň garyndaşlary garaşýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy 2006-njy ýylda tussag edilen graždan aktiwisti Sapardurdy Hajyýewiň garyndaşy, “Türkmen Helsinki” fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Täjigül, siz graždan aktiwisti Sapardurdy Hajyýewyň we žurnalist Annagurban Amangylyjowyň häzirki günä geçişde boşadylmagyna garaşýarsyňyzmy?

Täjigül Begmedowa: Adam mydama umyt bilen ýaşaýar, bizden başgalar-da olaryň goýberilmegine umyt edip garaşýarlar. Goý umytlarymyz başa barsyn. Her sapar günä geçişiň öňüsyrasynda syýasy tussaglaryň we başga pikirlileriň boşadyljagy barada myş-myşlar ýaýraýar, käte olar bilgeşleýin ýaýradylýar. Emma ozalky tejribeler şeýle maglumatlaryň myş-myş bolup çykýandygyny görkezýär. Şeýle tussaglar türmede galýar. Biziň maglumatymyza görä, şeýle tussaglar şu sapar türmeden boşadylanlaryň arasynda ýok. Şu günler biz ýagdaýa üns bilen syn edýäris. Boşadylanlaryň arasynda Annagurban bilen Sapardurdy ýok.

Azatlyk Radiosy: Hajiýew bilen Amangylyjowyň boşadylmagy barada häkimiýetlere ýüz tutuldymy?

Täjigül Begmedowa: Her sapar günä geçişiň öňüsyrasynda tussaglar özleriniň günä giçiş sanawyna girizilmegini sorap arza ýazýarlar. Şol sanda, olaram ýazdylar.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, olar barada anyk maglumat bar-da?

Täjigül Begmedowa: Olar diri we tussaglykda saklanýarlar.

Azatlyk Radiosy: Syýasy sebäpler esasynda tussag edilenleriň garyndaşlary adatça öz hossarlary barada hiç hili maglumatyň berilmeýändigini gürrüň beripdiler. 2006-njy ýylda tussag edilen Hajyýewiň we Amangylyjowyň ykbaly barada nädip maglumat alyp boldy?

Täjigül Begmedowa: Olar tussag edileli bäri, uzak wagtlap maglumat berilmändi. Olar bilen kanunda göz öňünde tutulan düzgüne görä, duşuşyklara we yzyndan zat eltmäge rugsat berilmändi. Ynsan hukuklaryny goraýjylar uly iş etdiler we halkara guramalarynyň üsti bilen dialog alyp bardylar, netijede, bir ýyldan gowrak wagt bäri Annagurbanyň we Sapardurdynyň yzyndan barmaga we olara zerur zatlary eltmäge rugsat berildi.

Azatlyk Radiosy: 2006-njy ýylda tussag edilen graždan aktiwisti Sapardurdy Hajyýew bilen žurnalist Annagurban Amangylyjowy halkara guramalary wyždan ýesirleri atlandyrýarlar. Türkmen häkimiýetleri bolsa olary bikanun ýarag saklamakda günäläpdiler. Şol bir wagtda-da syýasy diýilýän tussaglaryň garyndaşlary türkmen resmileriniň suduň hökümi ýaly esasy dokumentleri özlerine bermän gelýändiklerini habar beripdiler. Hajyýew bilen Amangylyjowyň tussag edilmegine esas bolan dokumentler olaryň garyndaşlaryna elýeterli boldumy?

Täjigül Begmedowa: Biziň maglumatlarymyza görä, bu tussaglaryň garyndaşlary aklawçylar bilen aktiw işleşdiler. Olar zerur dokumentleriň birnäçesini almagy başardylar. Olar Konstitusiýa laýyklykda ähli dokumentleriň we maglumatlaryň berilmegini talap etmek üçin uly iş bitirdiler.

Azatlyk Radiosy: Sizde Türkmenistandaky beýleki syýasy tussaglaryň, şol sanda Boris Şyhmyradowyň ykbaly barada maglumat barmy?

Täjigül Begmedowa: Gynansak-da ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG