Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Gurban baýramy mynasybetli wagtlaýynça ylalaşyga gelindi


BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lakhdar Brahiminiň aýtmagyna görä, Siriýanyň hökümeti we gozgalaňçylaryň käbir toparlary Gurban baýramy mynasybetli hüjüm etmezlik barada wagtlaýynça ylalaşyga geldiler.

Brahimi bu barada çarşenbe güni Kaýirde mälim etdi. Ol: “Meniň Damaska saparymdan soň, Siriýanyň hökümeti hüjüm etmezlik barada wagtlaýynça ylalaşyga geldi. Men bu baradaky resmi beýanatyň şu gün ýa-da ertir yglan ediljekdigine garaşýaryn” diýdi.

Brahimi hüjüm etmezlik baradaky wagtlaýyn ylalaşyga gozgalaňçylaryň anyk haýsy toparlarynyň goşulandygyny mälim etmedi.

Gurban baýramy anna güni başlanyp, üç-dört gün dowam edýär.
XS
SM
MD
LG