Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml watançylygy ýokary götermegiň aladasynda


Waleriýa Kasamara: “Watançylygyň wagyz edilmegi örän dogry iş. Häkimiýetler bu ugurda özleriniň mundan has ozal etmeli işlerini edip başladylar".
Waleriýa Kasamara: “Watançylygyň wagyz edilmegi örän dogry iş. Häkimiýetler bu ugurda özleriniň mundan has ozal etmeli işlerini edip başladylar".
Orsýetde Putiniň administrasiýasy bu ýurtda watançylyk ideýalaryny wagyz etmek arkaly, raýatlaryň milli buýsanjyny gaýtadan ýokary götermek bilen meşgullanjak täze bir agentligi döretmekligi göz öňünde tutýar.

Bu agentlik prezident administrasiýasynyň düzüminde bolar. Kremliň internet saýtynda bu agentligiň esasy wezipesi “Orsýet jemgyýetiniň ruhy we moral binýadyny berkitmekden ybarat” diýlip kesgitlenilýär.

“Sosial proýektler boýunça Uprawleniýe” diýlip at berlen şeýle strukturanyň döredilmelidigi baradaky permana şenbe güni prezident Wladimir Putin gol çekdi.

Şübheler hem bar

Prezident Putiniň bu täze inisiatiwasy Orsýetiň jemgyýetçiliginde dürli hili reaksiýalary döretdi. Bu ideýanyň tankytçylary munuň häkimiýeti elde jemlemek we ýaşlaryň arasynda Putiniň dolandyryşyna garşy ösýän protest hereketleriniň öňüne böwet bolmak üçin oýlanyp tapylan Sowet stilindäki bir plandygyny öňe sürýärler.

Moskwadaky Karnegi merkeziniň syýasy analitigi Nikolaý Petrow bu barada şeýle diýýär: “Kremliň bu çäre arkaly öňe sürýän ideologiýasy we maksady ümsüm, köneçil hem-de özgerişliklere ymtylmaýan köpçüligi emele getirmekden ybarat. Kreml muny syýasy protestlere garşy durmak maksady üçin ulanmakçy bolýar. Şol maksat bilenem şeýle täze Uprawleniýe peýda bolýar, şol hem, düýp manysynda, şular ýaly ideologik işler bilen meşgullanar”.

Emma beýleki tarapdan bu täze inisiatiwa Orsýetde bu ýurduň geçmişdäki global täsirli döwrüni nostalgiýa duýgusy bilen ýatlaýan köp raýatlar tarapyndan goldaw tapjaga-da meňzeýär.

Şeýle täze guramanyň döredilmegini goldaýjylar şeýle ideologik guramanyň Sowet Soýuzynyň dargamagy netijesinde bu ýurtda dörän ideologik boşlugy doldurmakda we ilatyň watançylyk duýgusyny täzeçe görnüşde janlandyrmakda möhüm rol oýnamagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Oňyn umytlar

Bu täze agentliginiň roluna oňyn baha berýän orsýetli garaşsyz syýasy analitik Waleriýa Kasamara bu barada şeýle diýdi: “Watançylygyň wagyz edilmegi örän dogry iş. Häkimiýetler bu ugurda özleriniň mundan has ozal etmeli işlerini edip başladylar. Ýöne, oňyn duýgulary ýokary götermekligiň ýerine mejbur ediji propaganda alnyp barylsa, onda diňe ters netijelere eýe bolunmagy mümkin. Şona görä-de, häzirki wagt esasy mesele bu işiň nähili edilip durmuşa ornaşdyryljakdygy bolup durýar”.

Orsýetiň sosial proýektler boýunça bu Uprawleniýesiniň anyk nähili çäreler bilen meşgullanjakdygy edil häzir belli bolman galýar. Deslapky maglumatda bu agentligiň mekdeplerde watançylyk boýunça okuw programmalaryny girizmekligi, şeýle hem çagalar üçin watançylyk mazmunly filmleriň we multfilmleriň döredilmegine ýardam etmekligi planlaşdyrýandygy aýdylýar.

Mundan daşary, Orsýetdäki bu täze agentligiň Orsýetde milli buýsanjy wagyz etmekligi maksat edinýän proýektlere we şahsyýetlere grantlary hem-de baýraklary bermekligi-de göz öňünde tutýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG