Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz telekeçisi Türkmenistana sapary barada


Wiktor: "Men şäheriň arassadygyny şeýle bir haladym. Adamlaram medeniýetli we ekologiki taýdan terbiýelenen ekenler".
Wiktor: "Men şäheriň arassadygyny şeýle bir haladym. Adamlaram medeniýetli we ekologiki taýdan terbiýelenen ekenler".
Türkmenistana wiza almak düzgüni çylşyrymly, şonuň üçin isleg bildirenleriň ählisine wiza almak başartmaýar. Emma, muňa garamazdan, Türkmenistana sapar etmek, ýurdy ýakyndan tanamak isleýänlerem ýok däl. Olardan birem özüni Wiktor diýip tanadan gyrgyzystanly telekeçi.

Wiktor Türkmenistanda bolanda Aşgabadyň arassalygynyň özünde gowy täsir galdyrandygyny, emma ýurtda aragatnaşyk mümkinçiligikleriniň juda çäkliligi sebäpli, özüniň dürli kynçylyklara duçar bolandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy Wiktoryň Türkmenistandaky başdan geçirmeleri bilen gyzyklanyp, onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Wiktor, gürrüňe wiza baradaky sorag bilen başlasym gelýär, wiza almak aňsat boldumy?

Wiktor: Ýok, onçakly bir aňsat bolmady. Esasanam birgiden proseduralar, ýagny aeroportdaky barlaglar [köp wagt alýar], baranymyzda-da gaýdanymyzda-da bizi biraz gynadylar. Bu diýmegim, barlag proseduralary gaty uzaga çekýär. Muňa garamazdan, meniň bellejek zadym, türkmenler gaty göwnaçyk halk eken.

Emma adamlar onçakly bir syýasat, ykdysadyýet ýa-da başga bir sosial temalar barada gürrüň etmeýär ekenler. Adamlar esasanam howa, iýmit ýa tebigat barada gürrüň edýärler. Onsoň menem, özümiň nirededigimi bilenim üçin, adamlar bilen meni gyzyklandyrýan temalardan gürrüň açmaýardym.

Ýöne saparymyň dowamynda çärjewliler bilen duşuşmaly boldum. Olar birneme açykrak hem batyrrak ekenler, sebäbi käbir temalar barada arkaýyn gürrüň edýärdiler.

Azatlyk Radiosy: Wiktor, ýurtda gözüňize ilen ilkinji zat näme boldy?

Wiktor: Ilkinji gözüme ilen zat, hatda ömrümde ilkinji gezek uçarlarda prezidentiň portretlerini gördüm. Ol ekonom klasda-da, biznes klasda-da diwarda asylgy dur ekeni, haýran galdym. Ondan başga baýdak köp ekeni, hemme binalaryň ýokarsynda bar diýen ýalydy. Ondan başga-da, dogrymy aýtsam, Aşgabat bilen onuň daşynda ýerleşýän ýaşaýyş punktlarynyň arasynda ullakan tapawut bar. Başgaça söz bilen aýdylanda, Aşgabat owadan, beýik we kaşaň binalara baý, şäheriň daşyna çyksaň, eýýäm pessejik jaýlar başlanýar.

Haýran galdyran zatlaryň ýene biri, Aşgabatda her köçäniň çatrygynda diýen ýaly polisiýa işgärleri bardy. Beýle ýagdaý biraz biynjalyk edýär adamy, sebäbi edil biri seni synlaýan ýaly bolup görünýär.

Meniň halan zatlarymdan biri, arzan bahaly tekstil önümleri, men olardan birgidenini satyn aldym.

Ýadyma düşýän kynçylyklardan ýene birem telefon aragatnaşygydy. Halkara nomerlere jaň etmek üçin, sowet döwründäki ýaly, telefonistka aýdýaň, onsoň olam gerekli nomeriňi aýlap berýär. Men ýerli SIM kartam alyp bilmedim, sebäbi ony almak üçin nobatlaram uzyndy, şeýle hem olary diňe Türkmenistanyň raýatlaryna satýardylar.

Internet meselesi hem gaty kyndy. Meniň baran döwrüm şäherde diňe ýedi sany internet kluby bardy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly ýaşlar bilen söhbetdeş bolan bolsaňyz, olar sizde nähili täsir galdyrdy?

Wiktor: Meniň duşuşan ýaşlarymyň hemmesi aşgabatlydy. Olaryň döwrebap garaýşa eýe bolan maşgalalardandygy bellidi, olaryň hemmesi irde-giçde ýurdy terk etmek isleýän adamlardy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda görenleriňizden Gyrgyzstanda hem bolmagyny islän zadyňyz boldumy?

Wiktor: Arassaçylyk. Men şäheriň arassadygyny şeýle bir haladym. Adamlaram medeniýetli we ekologiki taýdan terbiýelenen ekenler. Iň bolmanda merkezde hemme ýer tämizdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýaşamagy islärdiňizmi?

Wiktor: Ýok, sebäbi global derejede pikirlenýän we bir maksada ýetmek isleýän ýaşlara aňyrda [Türkmenistanda] üstünlik gazanmak gaty kyn ýaly. Myhmançylyga barmak gowy, Türkmenistan turistler üçin gaty gyzykly ýurt.
XS
SM
MD
LG