Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda bir adama terrorizm aýyplamalary boýunça 12 ýyl kesildi


Gazagystanyň demirgazygyndaky Aktobe şäherinde geçirilen ýörite operasiýada ýeke-täk diri galan adam terrorizm aýyplamalarynda günäli tapylyp, penşenbe güni 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

18 ýaşly Gabit Kurmankul iýun aýynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan geçirilen ýörite operasiýada ýaralanypdy. Onuň beýleki iki ýarany howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi.

Derňewçileriň maglumatyna görä, gürrüňi gidýän bu üç adam polisiýanyň işgärini öldüripdir.

Kurmankulyň sud diňlenşigi ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi.
XS
SM
MD
LG