Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda özbek žurnalistiniň öldürilmegi boýunça derňew başlandy


Gyrgyzystanda etnik özbek žurnalistiniň öldürilmegi boýunça täze derňew başladyldy. Bu barada Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Melis Turgunbaýew Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Turgunbaýew derňewiň jikme-jikleri barada hiç zat aýtmady.

Garaşsyz žurnalist Alişer Saýypow 2007-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Oş şäheriniň merkezinde atylyp öldürilipdi. 2010-njy ýylda Oş şäheriniň sudy bu iş boýunça, ýerli ýaşaýjy Abdulgafar Rasulowy günäli tapyp, ony 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Saýypowyň kakasy – Awas Saýypow suduň çykaran hökümine protest bildirip, bu işi gurnanlaryň we amala aşyranlaryň jezalandyrylmandygyny öňe sürýär.

Alişer Saýypow regiondaky yslamçy toparlar we oppozisiýadaky syýasatçylar barada makalalary ýazýardy.
XS
SM
MD
LG