Sepleriň elýeterliligi

Gözlege yglan edilen täjik raýaty Orsýetde alnyp gaçyldy


Orsýetiň Wolgograd şäherinde Täjigistandaky graždan urşunyň weteranynyň wagtlaýyn tussaghanadan boşadylandan soňra alnyp gaçylandygy aýdylýar.

Abdulwoseh Latifow täjik tarapynyň haýyşy esasynda 2010-njy ýylyň dekabrynda Orsýetde tussag edilipdi. Täjigistan Latifowy terroristik toparlaryny dolandyrmakda aýyplaýar.

15-nji oktýabrda Orsýetiň Ýokary sudy Täjigistanyň ekstradisiýa etmek baradaky haýyşyny ret edip, Latifowy tussaglykdan azat etmek barada karar çykardy.

Garyndaşlarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, mundan alty gün soň ýüzi maskaly adamlar Latifowy alyp gaçypdyrlar.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Latifowyň ýurda getirilendigi baradaky maglumatlary ret edýär.
XS
SM
MD
LG