Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda Britaniýanyň iki raýaty öldürildi


Owganystanda iki britan raýaty öldürildi. Bu barada Britaniýanyň Goranmak ministrligi habar berýär.

Ministrligiň ýaýradan beýanatynda, britan raýatlarynyň Helmand welaýatynyň Nahr-e Saraj etrabynda gulluk geçýän mahaly öldürilendigi aýdylýar. Ministrlik başga goşmaça maglumat bermedi.

“Associated Press” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, 2001-nji ýyldan bäri Owganystanda jemi 435 britan raýaty öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG