Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Kompensasiýa we kredit meselesiniň çözülişi


Abadan şäheriniň etekleriniň häzirki görnüşi. Abadan, iýul, 2012.
Abadan şäheriniň etekleriniň häzirki görnüşi. Abadan, iýul, 2012.
Ýakynda Türkmenistanyň mediasy Abadan şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaý kompleksinden 96 sany maşgala täze kwartiralaryň berlendigini habar berdi.

Ýöne resmi maglumata görä, bu kwartiralar ýaşaýjylara 30 ýyllyk ippoteka-krediti esasynda satuw jaýlary hökmünde berlipdir.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň tomsunda şu Abadan şäherinde ýarag ammarynyň partlamagy netijesinde ilatyň ýaşaýyş jaýlaryna uly zyýan ýetipdi.

Eýsem, Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryndan mahrum bolan raýatlara kompensasiýa bermek ýa-da olara ýeňil ippoteka kreditlerini bermek meselesi nähili çözülýär?

Azatlyk Radiosy şu barada aşgabatly graždan aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Şol söhbetdeşligi diňlemek üçin şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG