Sepleriň elýeterliligi

Haj zyýaraty: Zyýaratçylar Arafat dagyna çykdylar


Zyýaratçylaryň bir topary Arafat dagynyň üstünde. Mekke, 25-nji oktýabr, 2012.

Zyýaratçylaryň bir topary Arafat dagynyň üstünde. Mekke, 25-nji oktýabr, 2012.

Saud Arabystanynyň Mekke şäherine haj zyýaratyna baran musulman zyýaratçylary zyýaratyň ikilenji güni, penşenbe güni Arafat dagynyň üstüne çykdylar.

Mekke şäheriniň gündogar eteginde ýerleşýän Arafat dagy ýedinji asyrda Muhammet pygamberiň Gurhanyň aýatlarynyň berlen hem-de onuň soňky gezek nesihat eden ýeri hasaplanylýar.

Zyýaratçylar bu Arafat dagyna päkligi we ynsanlaryň deňligini aňladýan ak arassa mata oranyp bardylar we ol ýerde arap dilinde “Alla, men Seniň dergahyňda. Sen ýeke-täk Haksyň!” diýen aýaty okadylar.

Penşenbe güni bu zyýarata gatnaşanlardan käbirleri özleriniň başdan geçiren oňyn duýgularyny habarçylar bilen paýlaşdylar. Pakistanly zyýaratçy Muhammad Makbul öz duýgusyny şeýle beýan etdi: “Bu meniň ömrümde örän bir möhüm gün. Men özümi çakdanaşa ruhlanan we çakdanaşa bagtly duýýaryn. Biz özümiziň başdan geçirýän duýgularymyzy beýan etmek üçin söz tapmaýarys”.

Zyýaratçylar Mekke şäheriniň esasy metjidiniň howlusynda mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanýarlar. 24-nji oktýabr, 2012.

Zyýaratçylar Mekke şäheriniň esasy metjidiniň howlusynda mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanýarlar. 24-nji oktýabr, 2012.

Zyýaratçylar penşenbe güni tutuş bir güni Arafat dagynda doga okap geçirdiler. Günüň ýaşmagy bilen, olar Mina we Arafat daglarynyň aralygynda ýerleşýän hem-de “Muzdalifa” diýlip atlandyrylýan ýere ýygnanyp, şol ýerde ýörite bir sütüne garşy daş zyňmak çäresine gatnaşdylar. Bu çäre “şeýtana daş zyňmak” dessury hökmünde tanalýar.

Ýakyn Gündogar regionynda ýaragly konfliktleriň ýitileşmegi bilen baglanyşykly Saud Arabystanynyň häkimiýetleri bu haj zyýaratyna gatnaşyjylary islendik bir syýasy prowakasiýalara garşy durmaklyga çagyrdylar.

2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri halk gozgalaňlarynyň we ýaragly konfliktleriň dowam edýän ýeri bolan Siriýadan bu haj zyýaratyna baran Adnan Terkawi özüniň, ozaly bilen, Hudaýdan parahatçylygy diländigini aýtdy.

“Men Hudaýdan ähli arap ýurtlaryndaky ýagdaýlary köşeşdirmekligi, yslam dininiň we musulmanlaryň ýagdaýyny gowulaga tarap özgertmekligi hem-de Siriýadaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmagy we Siriýany abadan we howpsuz ýurda öwürmekligi dileg etdim” diýip, siriýaly zyýaratçy Adnan Terkawi nygtady.

Bu ýyl Saud Arabystanyndaky bu haj zyýaratyna 3 milliondan gowrak adamyň gatnaşýandygy habar berilýär.

Yslam dininiň düzgünlerine laýyklykda, kämillik ýaşyna ýeten her bir musulmanyň saglyk we serişde ýagdaýy mümkinçilik berýän halatynda, öz ömrüniň dowamynda iň bolmanda bir gezek haj zyýaratyna gitmegi ündelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG