Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji parlamenti täze hökümeti makullady


Milliarderden syýasatça öwrülen Bidzina Iwanişwili
Milliarderden syýasatça öwrülen Bidzina Iwanişwili
Gürjüstanyň parlamenti milliarderden syýasatça öwrülen Bidzina Iwanişwiliniň ýolbaşçylygynda düzülen täze hökümeti makullady.

Ony 88 deputat goldady, 54-si garşy çykdy.

Demirgazykdaky Kutaisi şäherinde geçirilen sessiýa parlamentiň sekiz agzasy gatnaşmady.

Öň oppozisiýada bolan "Gürji arzuwy" blogy 1-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda 150 orunlyk parlamentde 85 orun gazanyp, ýeňiji boldy.

Penşenbe güni Gürjüstanyň täze premýer-ministri parlamentiň öňünde çykyş edip, 18 aýdan soň özüniň syýasatdan çekiljekdigini gaýtalady.

"Bu toparyň jogapkärçiligini öz üstüme alaryn, men bir ýarym ýyl soň ondan aýrylmagy göz öňünde tutýaryn. Biziň garşydaşlarymyzyň bu pursatdan peýdalanjakdygyny bilýärin. Men olaryň jemgyýetde şübhe tohumlaryny ekmeklerini islamok. Şonuň üçin men şuny nygtamak isleýärin: bir ýarym ýylyň içinde biz ýurduň ösmegine ýardam berjek hukuk esasalaryny we kanunlary döredip bileris" diýip, Iwanişwili aýtdy.

Iwanişwili syýasatdan çykandan soň özüniň ýurtdaky raýat jemgyýetçiliginiň işjeň agzasy boljakdygyny aýtdy.

Täze premýer-ministr žurnalistlere ýurduň prezidenti Mihail Saakaşwiliniň Günbatara ýykgyn edýän daşary syýasatyny, şol sanda Ýewropa Bileleşigi we NATO agzalygy ugrundaky tagallalary dowam etdirjekdigini aýtdy.

"Biziň toparymyzyň öňünde duran esasy wezipe Ýewropa Bileleşigine, Ýewro-Atlantik integrasiýasyna we NATO ýaranlygyna goşulmak ugrunda yhlas etmekdir. Biz Gürjüstanyň halkara harby operasiýalara gatnaşmalydygyna we dünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny çözmäge ýardam bermelidigine gowy düşünýäris. Biz bu çärä özümiziň milli bähbitlerimizi goramakdaky iň möhüm ugurlaryň biri hökmünde garaýarys" diýip, Iwanişwili aýtdy.

Şeýle hem ol Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we Gürjüstanyň separatistler tarapyndan dolandyrylýan regiony bolan Günorta Osetiýa sebäpli 2008-nji ýylda Gürjüstan bilen gysga möhletlik söweşe giren goňşy Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmagy wada berdi.

"Gürjüstan strategik hyzmatdaşlyk ustawynyň çäginde esasy ýaranymyz bolan Birleşen Ştatlar bilen hyzmatdaşlyk eder. Gürjüstan bu ustawa öz halkynyň öňündäki borç hökmünde garaýar. Biz häzirki krizisden ýuwaş-ýuwaş baş alyp çykmaga kömek etjek halkara mehanizmleri ulanyp, Orsýet bilen hem gepleşiklere başlarys" diýip, Iwanişwili aýtdy.
XS
SM
MD
LG